Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanda žurnalistlere hüjüm edildi


Ýerewan, polisiýa protestçileri tutýar.
Ýerewan, polisiýa protestçileri tutýar.

Howpsuzlyk güýçleri 29-njy iýul güni agşam ermeni paýtagtynda oppozisiýa bilen bagly ýaragly adamlar tarapyndan eýelenen polisiýa stansiýasynyň golaýynda ýüzlerçe protestçi bilen çaknyşdy.

Bu wakada Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň üç žurnalisti hem ýaralandy. Olara bu ýerde giň möçberli howpsuzlyk çärelerini geçirýän howpsuzlyk güýçleriniň hüjüm edendigi birbada aýdyň bolmady.

Ýerewanda howpsuzlyk güýçleri bilen polisiýa stansiýasyny eýelän ýaragly adamlary goldamaga barýan protestçileriň arasyndaky çaknyşyk barada material taýýarlaýan mahaly, Azatlyk radiosynyň Ermeni gullugynyň üç žurnalistine taýak we demir bilen ýaraglanan adamlar hüjüm etdi.

AÝ/AR-nyň prezidenti Tomas Kent bu hüjümi berk ýazgardy. "Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy öz professional borjuny ýerine ýetirýän žurnalistlere edilen bu hüjüme örän gaharlandy» diýip, Kent aýtdy. "Biz ermeni häkimiýetleriniň hüjümçileri jogapkärçilige çekmegine we öz kanuny işini ýerine ýetirýän žurnalistleri goramagyna garaşýarys."

Ermeni gullugynyň üç žurnalistine -- Karlen Aslanian, Hovannes Movsisian we Garik Harutiunian daga hüjüm eden adamlar taýak, demir bilen ýaraglanandy we özleriniň žurnalistlere hüjüm edýändiklerinden habarlydylar.

XS
SM
MD
LG