Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe: Soňky iki hepdäniň galagoplugy


Türk žurnalisti Nazli Iliçak (merkezde), tanymal kommentator we ozalky deputat, 15-nji iýulda başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygyndan soň, Bodrumda tutulyp, polisiýanyň we garyndaşlarynyň ugratmagynda alnyp barylýar.

Türk žurnalisti Nazli Iliçak (merkezde), tanymal kommentator we ozalky deputat, 15-nji iýulda başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygyndan soň, Bodrumda tutulyp, polisiýanyň we garyndaşlarynyň ugratmagynda alnyp barylýar.

Men Türkiýä 15-nji iýuldan, ýurdy 20 sagat çemesi sarsdyran we tutuş türk döwletini henizem dürli ugurlarda dowam edýär trawma, ejirli ýagdaýa çeken döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň bolan gününden bäri hepdäniň ýedi gününde gije-gündiz syn edýärin.

300-e golaý adam öldürildi, olaryň köpüsi agdarylyşyk synanyşygyna garşy durlandaheläk boldy, emma bu işi planlaşdyran ofiserler, ýa-da olaryň komandasy astynda näme bolýandygyny bilmezden hereket eden esgerler hem heläk boldy.

Hökümet ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleni derhal bu agdarylyşyk synanaşygynyň arkasynda duran adam diýip jar etdi.

Ilkinji 48 sagatda 7,000 çemesi adam saklanyldy, tussag edildi ýa-da işlerinden çetleşdirildi. Bu sanlar yzygiderli ýokarlanyp, yzarlamalar jemgyýetiň ähli gatlagyna aralaşdy we 66,000 çemesi adama ýetdi, emma esasan hökümet işgärlerini öz içine aldy.

Tussag edilenleriň we işden çetleşdirilenleriň üstüne olaryň maşgala agzalaryny hem goşsaň, mümkin bolan täze garşydaşlaryň sany 250,000-300,000 çemesi adama baryp ýeter.

Ýogsam bolmanda, bu adamlaryň köpüsi «beýleki» tarapa goşulan ýa olar bilen hiç bir göni aragatnaşyk guran adamlar hem däl. Öldürilen adamlar baradaky ýatlama, ýigrenç, zorluk, goşunda we hökümetde kimiň haýsy tarapdadygy babatdaky bölünişik – bularyň hemmesi türk milleti üçin aňrybaş trawmatik we ejirli ahwalatlar.

Dürli partiýalardan we mediadan bolan adamlaryň köpüsi, agdarylyşyga garşy durup, demokratiýany goramak üçin prezident Rejep Taýyp Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky güýçlere goşuldy.

Tussag etmeler we işden çetleşdirmeler togtamady. Emma agdarylyşyk synanyşygyndan iki hepde soň, Gülen hereketi özüniň hakyky we güman edilýän goldawçylarynyň ählisi babatda, duýgudaşlyk bildirýän esgerler we howpsuzlyk wekilleri, hökümet işgärleri, mugallymlar we žurnalistler ýa-da işewürler, umuman tutuşlygyna «arassalandy» diýip hasaplanyp biler.

Emma muňa garamazdan, krizis howasy, bölünişik, syýasy duşmançylyk, hüşgärlik, gep-gybatlar, hökümete ygrarlylygy görkezmek ýaryşy, duşmanlary günälemek ýagdaýlary aşa agdyk gelýär.

Men, Türkiýe respublikasy 1923-nji ýylda esaslandyrylaly bäri bolan "iň erbet milli konfliktden» soňky iki hepde içinde özümiň türk jemgyýetçiliginiň meýlini we duýgularyny kabul edişim baradaky şahsy täsirlerimi jemlemäge synanyşaýyn:

-- Uly köplük, şol sanda hökümetiň goldawçylary we garşydaşlary, arkasynda kimiň durandygyna garamazdan, agdarylyşygyň betbagtçylykdygyna we ret edilmelidigine, onuň hatda güýç ulanmak arkalam bolsa hökümet tarapyndan öňüniň alynmalydygyna ynandyrylan ýaly görünýär. Hökümeti çalşyrmagyň ýeke-täk ýolunyň saýlawlar bolmalydygy baradaky ideýa hatda Erdoganyň iň gazaply duşmanlarynyň hem ynanýan bir zady bolup durýar.

-- Köp adam, syýasy taýdan ýykgyn edýän tarapyna garamazdan, Erdoganyň agdarylyşygy planlaşdyryjalardan goralmagyny zerur diýip hasaplaýar.

-- Şindi, esasan hökümetden we mediadan uç alan gorky-howatyr kampaniýasy zerarly, adamlar jemgyýetçilikde açyk pikir aýtmakdan saklanýana çalym edýär. Metbugat neşirleriniň köpüsi Gülen hereketini paş etmekde bir-biri bilen ýaryşýar. Käte bu kampaniýa we jemgyýetçilik utandyrmalary baradaky metbugat habarlary etiki ölçeglerden has aňryk geçýär. Dini işler baradaky döwlet agentligi agdarylyşyk synanyşygyna dahylly merhumlary adaty dini dessurlar esasynda jaýlamagy ret etdi. Uniwersitet professory bolsa, hökümet tarapyndan ölen adamy «şehit» diýip atlandyrmak islemändigi üçin işden kowuldy.

-- Adamlaryň, metbugat neşirleriniň aglabasy Güleniň agdarylyşyk synanyşygnyň esasy planladyryjysy bolandygyna ynanan ýaly görünýär. Ýöne bu pikiriň näderejede çyndan ýa-da gorkudan aýdylýandygy belli däl.

-- Hawa, Erdogan adamlary agdarylyşyga garşy birleşdirmek we onuň öňüni almak bilen, öz halk içindäki meşhurlygyny has-da güýçlendirdi.

Gysgaldylyp terjime edildi.

XS
SM
MD
LG