Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Gazagystana "mekdep duýduryşyny" berýär


Ankara Güleni 15-nji iýulda bolan agdarylyşyk synanyşygynda günäleýär.
Ankara Güleni 15-nji iýulda bolan agdarylyşyk synanyşygynda günäleýär.

Türkiýäniň Gazagystandaky ilçisi bu ýurtda Fethulla Gülen bagly gurlan mekdepler barada duýduryş berdi.

Ankara Güleni 15-nji iýulda bolan agdarylyşyk synanyşygynda günäleýär. Ilçi Newžat Uýanik «Gazagystan-türk» mekdepleriniň 75 ýaşyndaky Güleniň ideýalaryna ygrarly fondlar tarapyndan dolandyrylýandygy baradaky meseläni gozgap, Ankaranyň bu mekdepleri goldamaýandygyny aýtdy.

"Bu mekdepleriň Türkiýäniň resmi guramalary bilen hiç bir baglanyşygy ýok» diýip, Uýanik 29-njy iýulda Astanada guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol 15-nji iýulda Türkiýede bolan agdarylyşyk synanyşygynyň «beýleki ýurtlar üçin duýduryş bolandygyny» aýtdy we degişli gulluklaryň zerur çäreleri görjegine ynanýandygyny bildirdi.

XS
SM
MD
LG