Sepleriň elýeterliligi

Ýaragly adamlar ofiseri öldürendigini ret edýär


Ermeni polisiýasy 31-nji iýulda paýtagtdaky polisiýa stansiýasyny eýelän ýaragly oppozisiýanyň iki agzasynyň häkimiýetlere ýesir düşendigini aýtdy.

Olar polisiýanyň çap eden wideosynda özleriniň topardaky ýoldaşlary tarapyndan ýalňyş ýola düşürilendiklerini we janlaryndan gorkularyna ol ýerde galandyklaryny gürrüň berýärler.

Ermeni polisiýasynyň sözçüsi Aşot Aharonian barrikadanyň arkasyndaky ýaragly toparyň bir agzasynyň 31-nji iýulda irden ýaralanandygyny we hassahana alnyp gidilendigini hem aýtdy.

Şu aralykda polisiýa stansiýasynda galan iki doktor hem azat edildi, ýogsa ýaragly adamlar olaryň islän wagtlary gidip biljegini aýdypdy.

Polisiýa stansiýasynyň içinde barrikada guran ýaragly adamlar, gapma-garşylygyň dowam etmegi bilen, polisiýa ofiserini öldürendiklerini hem ret edýärler.

Toparyň ýolbaşçy agzasy Waružan Awetisýan 31-nji iýulda polisiýanyň özlerini polisiýa ofiserini atyp öldürmekde günälemeginiň dogry däldigini aýtdy.

Polisiýa ol ofiseriň basylyp alnan binadan 400 metr uzaklykdaky patrul maşynynyň içinde otyrka atylyp öldürilendigini aýdýar.

Polisiýa bilen polisiýa stansiýasyny eýelän ýaragly adamlaryň arasyndaky gapma-garşylyk 31-nji iýulda irden hem dowam etdi, ýogsa olara häkimiýetler tarapyndan berlen soňky möhlet 30-njy iýulda tamam boldy.

Häkimiýetler berlen soňky möhletgeçeninden soň, ýaragly adamlara garşy doly möçberinde hüjüme geçjekdiklerini aýdyp, haýbat atdylar.

Ermeni resmileriniň maglumatyna görä, paýtagtda pitnä garşy polisiýa bilen protestçiler çaknyşanda 75 ýaralandy, 20-den gowrak adam bolsa tussag edildi.

Basylyp alnan polisiýa stansiýasynyň golaýynda 30-njy iýul güni giçlik hem kiçiräk partlama, tüpeň sesleriniň eşidilendigi habar berildi.

Emma Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Ermeni gullugynyň wakanyň bolan ýerinden göni alyp görkezýän wideokamerasy 31-nji iýul säherinde hem polisiýanyň binanyň daşyndaky barrikadalara ýuwaşlyk bilen serenjam berip ýörendigini görkezdi.

Bir gün ozal, ýagny 30-njy iýulda bu binadan birnäçe ýüz metr uzaklykda patrul maşynynyň içinde oturan polisiýa ofiseri atylyp öldürildi.

Köpüsi Azerbaýjana garşy Dagly-Garabag konfliktiniň weteranybolan ýaragly adamlar 17-nji iýuldan bäri şu binanyň içinde otyr.

Olar tussag edilen oppozisiýa lideri, Uçreditel Parlament hereketiniň ýolbaşçysy Žiraýr Sefiliany boşatmagy talap edýärler.

Şeýle-de olar, Azerbaýjan bilen uzaga çeken Dagly-Garabag dawasy sebäpli, Ermenistanyň prezidentiniň we premýer-ministriniň işden çekilmegini talap edýärler.

Polisiýa stansiýasyny eýelän ýaragly adamlaryň müňlerçe goldawçysy 30-njy iýul güni giçlik merkezi Ýerewanda proteste toplanyp, häkimiýetleri bu krizisi soňlamak üçin güýç ulanmazlyga çagyrdy.

Polisiýa stansiýasy 30 çemesi ýaragly adam tarapyndan basylyp alyndy, olar hüjüm mahalynda bir ofiseri öldürdiler we beýleki birnäçesini ýaraladylar.

Polisiýa stansiýasy basylyp alnaly bäri onuň içindäki ýaragly adamlaryň sekiz sanysy ýaralandy, şol sanda olaryň ikisi 29-njy iýulda, belki-de mergenler tarapyndan, aýaklaryndan tüpeňlendi.

Howpsuzlyk güýçleri 29-njy iýul agşamy ýaragly adamlar tarapyndan eýelenen polisiýa stansiýasynyň golaýynda ýüzlerçe protestçi bilen çaknyşdy.

Bu wakada Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň üç žurnalisti hem ýaralandy. Olara elleri taýakly, demirli adamlar tarapyndan hüjüm edildi.

AÝ/AR-nyň prezidenti Tomas Kent bu hüjümi berk ýazgardy. "Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy öz professional borjuny ýerine ýetirýän žurnalistlere edilen bu hüjüme örän gaharlandy» diýip, Kent aýtdy.

"Biz ermeni häkimiýetleriniň hüjümçileri jogapkärçilige çekmegine we öz kanuny işini ýerine ýetirýän žurnalistleri goramagyna garaşýarys" diýip, Kent sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG