Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe 1,389 harbyny işden aýyrdy


Pendik etraby, Stambul, agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşyp ölen harbylara niýetlenen gonamçylyk.
Pendik etraby, Stambul, agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşyp ölen harbylara niýetlenen gonamçylyk.

Türkiýe, Birleşen Ştatlarda ýaşaýan musulman ruhanysy Fethulla Gülen bilen ilteşiklilikde güman edip, ýaragly güýçlerden 1,389 harbyny çetleşdirdi.

Ankara Güleni şu aýyň başyndaky agdarylyşyk synanyşygynyň arkasynda bolmakda günäleýär.

Döwlet eýeçiligindäki «Anadolu» agentliginiň 31-nji iýuldaky habary türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkiýäniň aňtaw gullugynyň baş ştabyny prezident edarasynyňgol astyna geçirmek teklibiniň yz ýanyna gabat geldi.

Harbylary hökümet kontroluna geçirmek üçin geçiriljek konstitusiýa düzedişlerini tassyklatmak üçin Erdogana oppozisiýa partiýalarynyň goldawy zerur bolar.

Şeýle-de Erdogan harby mekdepleriň ýapylmalydygyny we milli goranmak uniwersitetiniň döredilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG