Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: ABŞ goldawyndaky güýçler ilerleýär


Manbij YD-nyň de fakto paýtagty Rakka bilen aradaky üpjünçilik ýolunda ýerleşýär.
Manbij YD-nyň de fakto paýtagty Rakka bilen aradaky üpjünçilik ýolunda ýerleşýär.

ABŞ-nyň howa zarbalaryna daýanýan kürt we arap söweşijileri indi «Yslam döwleti» toparynyň elindäki Manbij şäheriniň 40 prosentine kontrollyk edýärler.

Siriýanyň Demokratik güýçleri, ABŞ-nyň howa zarbalarynyň goldawy astynda, şäheriň gündogar böleginiň aglaba bölegini ele geçirdiler diýip, Siriýanyň Adam hukuklaryny goraýan obserwatoriýasy habar berdi.

Londonda ýerleşýän gözegçilik topary söweşijileriň Manbijdäki agyr söweşlerden soň klinikany, mekdebi, şäheriň merkezindäki çatrygy ele geçirendiklerini aýtdy. Emma söweş ýitgileri barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Soňky 24 sagatnda Manbiji 2,300 çemesi adam terk etdi, emma müňlerçe adam entegem şäherden çykyp bilmän otyr we bu ýagdaý söweşijileriň ilerlemegini haýalladýar.

Manbij YD-nyň de fakto paýtagty Rakka bilen aradaky üpjünçilik ýolunda ýerleşýär.

Aktiwistler we ýaşaýjylar şu aýdaky howa zarbalarynda asuda ilatdan onlarça adamyň ölendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG