Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tehsasdaky gyzgyn şar hadysasynda 16 adam öldi


Lrokhart, şar hadysasynda azyndan 16 adam heläk boldy.
Lrokhart, şar hadysasynda azyndan 16 adam heläk boldy.

30-njy iýulda Tehsasyň merkezi şäheri Lokhartda gyzgyn ýel berlen şar hadysasynda azyndan 16 adam heläk boldy. Bu barada ýerli metbugat habar berdi.

Federal Awiasiýa adminstrasiýasy gyzgyn ýel berlen şaryň ýykylmazyndan öň ot alandygyny aýtdy.

Ýerli telewideniýe Kaldwel okrugynyň şerifine salgylanyp, aman galanyň ýokdugyny aýtdy.

Tehsasyň gubernatory Greg Abbott bu hadysada heläk bolanlara gynanç bildirdi.

Milli transport howpsuzlygy geňeşi hadysanyň sebäplerini derňemek üçin wakanyň bolan ýerine barmaly diýip, agentligiň sözçüsi aýtdy.

XS
SM
MD
LG