Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe 800-den gowrak esgeri azat etdi


Türk esgerleri

Türk esgerleri

Türk sudlary başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygyndan soň derňew üçin tussag astynda saklanylýan esgerleriň 800-den gowragyny azatlyga goýberdi diýip, türk mediasy habar berdi.

30-njy iýulda Stambulda, suduň kararyndan soň, baş prokuraturanyň edarasy tussag astyndaky 989 esgeriň 758-sini azat etdi.

Prokurorlar ol esgerleriň görkezme berendigini we gaçmak töwekgelliginiň ýokdugyny aýtdylar.

Azat edilen esgerleriň arasynda ýokary harby mekdepleriň okuwçylary hem bar.

Ankara sudy hem şu esasda 47 esgeri azatlyga goýberdi. Içeri işler ministri Efkan Alanyň soňky beren maglumatyna görä,200-den gowrak adamyň ölümine getirenagdarylyşyk synanyşygyndan soň esasan harbylardan bolan 9 müň gowrak adam tussag edildi.

Başga-da müňlerçe adam saklanyldy, emma resmi aýyplanmady.

XS
SM
MD
LG