Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Talyban’ daşary ýurtlylaryň galýan myhmanhanasyna hüjüm etdi


Kabuldaky myhmanhananyň girelgesinde bolan güýçli ýük ulag partlamasyndan soň, howpsuzlyk resmisi wakanyň bolan ýerini derňeýär. 1-nji awgust, 2016 ý.
Kabuldaky myhmanhananyň girelgesinde bolan güýçli ýük ulag partlamasyndan soň, howpsuzlyk resmisi wakanyň bolan ýerini derňeýär. 1-nji awgust, 2016 ý.

Owganystanyň paýtagty Kabulda daşary ýurt potratçylary tarapyndan ulanylýan myhmanhanada owgan güýçleri bilen “Talyban” hereketiniň arasynda güýçli çaknyşyklar boldy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, 1-nji awgustda gije sagat 01:30 töweregi söweşijiler “Northgate” myhmanhanasynyň girelgesinde ýük ulaga ýerleşdirilen güýçli bombany partladyp, binanyň içine hüjüm etdiler.

Bu sebitdäki ýollar owgan howpsuzlyk güýçleri we owgan armiýasynyň ulag kerweni tarapyndan böwetlenip, territoriýada polisiýa güýçleri ýerleşdirildi.

Kabulyň polisiýasynyň başlygy Abdul Rahman Rahiminiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda tamamlanan söweşde bir söweşiji öz ulagyny partladan mahaly heläk boldy we başga-da iki sanysy polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

Şeýle-de, çaknyşyklarda bir polisiýa ofiseri öldi we başga-da dört sanysy ýaralandy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG