Sepleriň elýeterliligi

Almaty hüjüminde ýaralanan iki ofiser öldi


Gazak polisiýa ofiserleri Almaty şäherindäki polisiýa departamentiniň we Milli Howpsuzlyk komitetiniň edaralaryna hüjüm eden adamy tussag etdiler. 18-nji iýul, 2016 ý.

Gazak polisiýa ofiserleri Almaty şäherindäki polisiýa departamentiniň we Milli Howpsuzlyk komitetiniň edaralaryna hüjüm eden adamy tussag etdiler. 18-nji iýul, 2016 ý.

Gazak häkimiýetleri geçen aýdaky hüjümde ýaralanan iki polisiýa ofiseriniň ölendigini aýdýarlar.

Almaty şäheriniň polisiýasynyň 1-nji awgustda beren maglumatyna görä, Serik Abildaýew we Meirambek Rahmatullaýew keselhanada aradan çykdy. Munuň netijesinde Gazagystanyň söwda paýtagtynda amala aşyrylan ençeme hüjümde ölenleriň sany sekize ýetdi. Bu hüjümi gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew “terroristik hüjüm” diýip atlandyrypdy.

18-nji iýulda 26 ýaşyndaky almatyly Ruslan Kulekbaýew Almaty şäher polisiýa departamentiniň we Milli Howpsuzlyk komitetiniň edaralaryna ot açyp, alty adamy öldürdi.

Şol wakada Kulekbaýew tussag edilip, terrorizmde, adam öldürmekde we öldürmäge synanyşmakda aýyplandy.

XS
SM
MD
LG