Sepleriň elýeterliligi

Kerri MA ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar


Samarkant şäherinde geçirilen "C5+1" maslahaty.

Samarkant şäherinde geçirilen "C5+1" maslahaty.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen 3-nji awgustda Waşingtonda duşuşyk geçirýär diýip, ABŞ-nyň döwlet departamentiniň edarasy habar berýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Daniel Rosenblum žurnalistlere beren maglumatynda, bu duşuşygyň Birleşen Ştatlar bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda täze dialog formatynda geçiriljekdigini aýtdy.

"C5+1" diýlip atlandyrylýan şeýle duşuşyklaryň ilkinjisi Kerriniň geçen ýylyň noýabr aýynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna eden saparynyň çäginde Özbegistanda geçirilipdi.

Samarkant şäherinde geçirilen şol duşuşykda regional hyzmatdaşlyk, serhetaşa abanýan howpa garşy göreşmek hem-de Owganystandaky durnuklylygy we parahatçylygy goldamak meseleleri barada maslahat edipdiler.

XS
SM
MD
LG