Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Oppozision hereketiň agzasy tussag edildi


“Halkyň parlament” hereketiniň käbir liderleri.

“Halkyň parlament” hereketiniň käbir liderleri.

Gyrgyz häkimiýetleri oppozision “Halkyň parlament” hereketiniň ýene bir agzasyny hökümeti agdarmak synanyşygy diýilýän dildüwşüge gatnaşygy bolmakda güman edip tussag etdiler.

Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň 1-nji awgustda beren maglumatyna görä, Toýgonbek Kalmatow 30-njy iýulda tussag edilipdir.

Şu ýylyň maý aýyndan bäri bu iş bilen baglanyşykly sekiz oppozision syýasatçy, şol sanda “Halkyň parlament” hereketiniň lideri we öňki oba-hojalyk ministri Bekbolot Talgarbekow, öňki sudýa Marat Sultanow we öň prezidentlige dalaş eden syýasatçy Torobaý Kolubaýew tussag edildi.

Gyrgyz häkimiýetleri maý aýynda Bişkekde geçirilen ýöriş döwründe “Halkyň parlament” hereketiniň liderleri we aktiwistleri häkimiýeti ele geçirmäge synanyşdylar diýýärler.

17-nji maýda geçirilen protestleriň öňýanynda, gürrüňi edilýän hereket prezident Almazbek Atambaýewiň öz wezipesinden çekilmegini talap etdi.

Gyrgyzystanda iki gezek hökümet agdarylyşygy boldy. Olaryň biri 2005-nji ýylda, beýlekisi 2010-njy ýylda bolupdy.

XS
SM
MD
LG