Sepleriň elýeterliligi

Ýerewan: Ýaragly adamlaryň galan bölegi boýun boldy


Ermenistanyň paýtagty Ýerewanyň polisiýa merkezinde gizlenen oppozision ýaragly adamlaryň galan bölegi hem öz ýaraglaryny taşlap, ermeni häkimiýetlerine garşy dowam edýän çaknyşyklarynyň soňuna ýetdiler. Iki hepde bäri dowam edýän bu gapma-garşylykda iki polisiýa ofiseri öldi.

“Ermenistanyň hukuk goraýjy organlarynyň ýörite güýçleriniň tutanýerli we sazlaşykly hereketleri ýaragly toparyň agzalaryny häkimiýetlere boýun bolmaga mejbur etdi” diýip, Ermenistanyň Milli Howpsuzlyk gullugynyň 31-nji iýulda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda “terrorist” diýlip atlandyrylýan 20 ýaragly adamyň tussag edilendigi bellenilýär.

Ýaragly adamlaryň lideri Waružan Awetisian özleriniň häkimiýetlere boýun boljakdygyny aýdandan bir sagat çemesi soň, Ermenistanyň Milli Howpsuzlyk gullugy polisiýa merkeziniň binasynyň “doly boşadylandygyny” yglan etdi.

XS
SM
MD
LG