Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlary giriş synaglaryna başlaýar


Ýokary okuw jaýyna giriş synaglarynyň geçýän döwri, Aşgabat
Ýokary okuw jaýyna giriş synaglarynyň geçýän döwri, Aşgabat

2-nji awgustda Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary başlanýar.

Resmi maglumatlarda şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryna geçen ýylkysyndan has köp adamyň kabul ediljekdigi, ýagny 128 studentiň artykmaç alynjakdygy aýdylýar. Şeýlelikde, ýurduň Ýokary okuw jaýlary şu ýyl 7 256 studenti kabul etmegi planlaşdyrýarlar.

Ýokary mekdepler

Döwlet metbugatynda berilýän sanlara görä, Oguzhan adyndaky inženerlik tehnologiýalar uniwersitetine 450 student alnar. Bu uniwersitetde beriljek bilim prosesini ýapon okuw programmasynyň esasynda we ýapon mugallymlarynyň çagyrylmagynda guramak planlaşdyrylýar, diýlip resmi maglumatlarda aýdylýar. Şeýle-de aýdylyşyna görä, birinji okuw ýylyndan başlap, studentler ýapon we iňlis dillerini öwrenerler.

Türkmenistanyň döwlet ýokary okuw jaýlarynyň her birine alynjak studentleriň resmi sanlary barada berilýän maglumata görä: Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetine 975; Medisina uniwersitetine 573; Oba hojalyk uniwersitetine 510; D.Azady adyndaky Daşary ýurt dilleri institutyna 389; Nebit-gaz halkara uniwersitetine 467; Arhitektura-gurluşyk döwlet institutyna 570; Ykdysadyýet we dolandyryş institutyna 510; Transport we aragatnaşyk institutyna 450; Maliýe institutyna 180; DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutyna 60; Gumanitar ylymlar boýunça halkara uniwersitetine 300; S.Seýdi adyndaky pedagogiki institutyna 422; Sport we syýahatçylyk boýunça milli institutyna 410; Energetika institutyna 335; Medeniýet institutyna 200; Çeperçilik akademiýasyna 100; Milli konserwatoriýa 140 student alnar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlaryna şu ýyl geçen ýylkysyndan 128 okuwçyny artyk alynjakdygy resmi taýdan mälim edildi. 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna 7 müň 128 adam Kabul edilip, bu sanyň ozalky ýyldan 267 adam artyk bolandygy nygtalypdy.

Orta hünärmenlik okuw jaýlary

Türkmenistanyň 42 sany orta hünärmenlik okuw jaýy jemi 8 müň 385 adamy Kabul eder. Bu sanyň hem geçen ýylkysyndan 43 adam artykdygy resmi maglumatda bellendi.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünärmenlik okuw jaýlaryna giriş synaglary 2-nji awgustda başlanyp, 25-nji awgusta çenli dowam eder.

Türkmenistanyň döwlet derejesinde baglaşan şertnamalarynyň esasynda 2016-2017-nji okuw ýylynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda ýaşlaryň müňlerçesiniň okajakdygy aýdylyp, olaryň takyk sany görkezilmändir.

Türkmen ýaşlarynyň döwlet tarapyndan iberiljek ýurtlarynyň arasynda Orsýet, Belarus, Hytaý, Malaziýa, Rumyniýa, Türkiýe, Horwatiýa agzalýar we beýleki ýurtlaryň hem bardygy aýdylýar.

Türkmenistanly ýaşaryň onlarça müňi daşary ýurtlarda öz hasabyna okaýar. Olaryň aglaba bölegi Orsýetde, Türkiýede, Belarusda, Ukrainada we Merkezi Aziýa ýurtlarynda okaýar.

Synag guramaçylygy

Türkmenistanyň Ýokary we orta hünärmenlik okuw jaýlaryna giriş synaglarynyň açyklyk we bitaraplyk esasynda ýokary guramaçylykda geçirilmegi resmi derejede tabşyrylypdyr. Türkmen hökümetiniň 15-nji iýulda geçiren maslahatynda synaglaryň geçirilişine gözegçilik üçin, okuw jaýlarynda kameralaryň oturdylandygy aýdyldy we bu çäräniň synaglaryň açyk görnüşde geçirilip, iň bilimli we ukyply ýaşlaryň okuwa girmegine şert dörejekdigi bellendi.

Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlarynda korrupsiýanyň möwç alandygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň, studentleriň we olaryň ene-atalarynyň ençemesi habar berdiler.

Türkmen ýolbaşçylary hem bilim pudagynda ýaýran para-peşgeşi birnäçe gezek resmi taýdan boýun aldylar.

XS
SM
MD
LG