Sepleriň elýeterliligi

Kreml: Urlup ýykylan dikuçardaky bäş orsýetli öldi


Orsýetiň "Mi-8" kysymly dikuçarlary.

Orsýetiň "Mi-8" kysymly dikuçarlary.

Kreml Siriýada urlup ýykylan Orsýetiň harby dikuçaryndaky bäş orsýetliniň ählisiniň heläk bolandygyny aýdýar.

“Goranmak ministrligi tarapyndan mälim edilen maglumata görä, dikuçardaky harbylaryň ählisi öldi” diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 1-nji awgustda beren maglumatynda aýtdy.

Peskow orsýetlileriň “gahrymanlarça ölendigini, sebäbi dikuçar ýykylan mahaly, olaryň guryýerdäki ýitgileri iň pes derejesine ýetirmerk üçin dikuçary başga tarapa süýşürmäge synanyşandygyny” belledi.

Mundan ozal, Orsýetiň Goranmak ministrligi “Mi-8” kysymly dikuçaryň Siriýanyň Idlib welaýatynyň howa giňişliginde urlup ýykylandygyny habar beripdi.

XS
SM
MD
LG