Sepleriň elýeterliligi

Rio: Orsýetli 250 sportsmen rugsada garaşýar


Orsýetiň olimpik komandasy, Moskwanyň Şeremetýewo aeroporty, 28-nji iýul, 2016.

Orsýetiň olimpik komandasy, Moskwanyň Şeremetýewo aeroporty, 28-nji iýul, 2016.

2016-njy ýylyň tomusky Olimpia oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja gün galanda, Rio de Janeiroda halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga rugsat berildi diýlip hasap eden Orsýetiň 250 çemesi sportsmeni öz öňlerinde päsgelçilikleriň henizem saklanýandygyny bilip galdylar.

Häzir sportsmenleriň ählisi doping taýdan arassalygyny Halkara olimpik komiteti (IOC) tarapyndan tassyklatmaly. Orsýetde dopingiň ulanylmagynyň döwlet tarapyndan goldanýandygynyň üsti açylansoň, Halkara olimpik komitetiniň döreden ýörite topary her bir sportsmeniň işine aýratyn seredip, onuň berk düzgünlere näderejede laýykdygyny kesgitlemeli. Üç agzadan ybarat bu toparyň gutarnykly rugsady bolmadyk ýagdaýynda, Orsýetiň hiç bir sportsmeni Riodaky Olimpia oýunlarynda bäsdeşip bilmeýär. Halkara olimpik komiteti bu ýörite toparyny döretmek kararyna 30-njy iýulda Rioda geçiren maslahatynda gelipdi.

24-nji iýulda Halkara olimpik komiteti orsýetli sportsmenleriň ählisiniň gadagan edilmegine garşy çykdy. Garaşsyz derňewler Orsýetiň döwlet tarapyndan goldanýan doping programmasynyň dürli sport görnüşlerini öz içine alýandygyny subut edipdi.

Halkara olimpik komiteti sportsmenleriň we komandalaryň ýaryşlara gatnaşmagyna rugsat bermek barada karar çykarmak hukugyny her bir sport görnüşi boýunça halkara federasiýalarynyň garamagyna tabşyrdy we bu karar tankytlara sezewar boldy. Dopinge garşy Bütindünýä agentliginiň (WADA) baş resmileri Halkara olimpik komitetiniň ýaramaz tejribä ýol bermeginden şikaýat etdiler.

Olar ýüze çykan subutnamalar Orsýetiň resmileriniň rus sportsmenleriniň doping bilen bagly düzgünleri yzygiderli bozmagynyň üstüni ýaşyrýandygyny görkezdi, diýip Orsýetiň ähli sportsmenlerine garşy gadagançylygyň girizilmegini talap etdiler.

Halkara olimpik komitetiniň ýörite toparynyň döredilmegine guramanyň öz adyna edilen tankyda jogap berip, mesele babatynda soňky karara gelmegine mümkinçilik hökmünde seredilýär.

Halkara olimpik komitetiniň metbugat wekili Mark Adams orsýetli sportsmenler babatyndaky kararyň Olipiadanyň 5-nji awgustda boljak açylyş dabarasyndan öň yglan ediljegini habar berdi.

Orsýetiň ýaryşlara gatnaşmak üçin saýlan 387 sportsmeninden, azyndan 117-si halkara sport federasiýalary tarapyndan gadagan edildi.

Olimpiada gatnaşmagyna rugsat berlendigini hasap edip, Orsýetden Rio de Janeiro baran 250 sportsmen häzirki wagtda Halkara olimpik komitetiniň gutarnykly kararyna garaşýar.

Orsýet sportsmenlerini Rio ugratmak boýunça geçirilen dabarada, prezident Wladimir Putin ýurduň ýeňil atletika boýunça 67 sportsmeniniň halkara ýaryşlaryndan çetleşdirilmeginden nägilelik bildirip, olaryň “diskriminasiýa” sezewar edilendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG