Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewan: Oppozision syýasatçylar deslapky tussaghana ugradyldy


Andreas Hukasian.
Andreas Hukasian.

Ermenistanda köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramalaşdyrmakda aýyplanýan üç ermeni oppozision syýasatçysy deslapky tussaghana ugradyldy.

2-nji awgustda Ýerewanyň sudy oppozision “Miras” partiýasyndan Dawid Sansariana we Howsep Hurşidiana, şeýle-de “Ermenistan, aýaga gal” atly raýat hereketiniň lideri Andreas Hukasiana garşy derňewler dowam edýän mahaly, olaryň iki aý deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada karar çykardy.

17-nji iýulda “Parlamenti esaslandyryjy” atly oppozision radikal hereket bilen ilteşikli ýaragly adamlaryň topary Ýerewanyň polisiýa edarasyny ele geçirip, prezident Serž Sarkisiandan öz wezipesinden çekilmegi hem-de hereketiň tussaglykdaky lideri Žiraýr Sefiliany boşatmagy talap edipdi.

XS
SM
MD
LG