Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara olimpik komiteti BADA-ny tankyt etdi


Halkara olimpik komitetiň prezidenti Tomas Bah we Bütindünýä anti-doping agentliginiň başlygy Craig Reedie.
Halkara olimpik komitetiň prezidenti Tomas Bah we Bütindünýä anti-doping agentliginiň başlygy Craig Reedie.

Orsýetli 100-den gowrak sportsmeniň şu hepde başlaýan Rio oýunlaryna gatnaşmagyny gadagan eden Halkara olimpik komiteti bu oýuna orsýetlileriň ählisiniň gatnaşdyrylmazlygyny maslahat beren Bütindünýä anti-doping agentligini tankyt etdi.

Halkara olimpik komitetiň (IOC) prezidenti Tomas Bah (Thomas Bach) 1-nji awgustda çykyş edip, Bütindünýä doping agentligini (BADA) Orsýete garşy “dopingiň ýigrenji sistemasy” diýip atlandyran aýyplamalary 5-nji awgustda Olimpia oýunlaryň başlamagyndan diňe sanlyja hepde öň beýan etmekde we öz komitetine bu babatda herekete geçmek üçin örän az wagt bermekde tankyt etdi.

Munuň netijesinde bu komitet Olimpia oýunlaryna gatnaşýan her bir sportuň degişli federasiýasyndan haýsy sportsmeniň ýaryşlara gatnaşmagyna rugsat berilmelidigini kesgitlemegi sorady.

Häzirki wagt, ýagny Olimpia oýunlarynyň başlamagyna sanlyja gün galanda, Halkara olimpik komiteti federasiýalaryň rekomendasiýalaryna garaýar.

“Bu karar adalat bilen baglanyşyklydyr. Adalat syýasatdan garaşsyz bolmalydyr” diýip, Bah 1-nji awgustda olimpik assambleýada eden çykyşynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG