Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan ‘çylşyrymly sözleri’ ulanan žurnalistlere jerime girizýär


Täjigistanyň kartasy.
Täjigistanyň kartasy.

Täjigistan adaty okyjylaryň düşünmejek çylşyrymly sözleri ulanan žurnalistlere garşy $100 möçberinde pul jerimesini girizjekdigini yglan etdi diýip, 1-nji awgustda Orsýetiň habar agentlikleri habar berdiler.

“Käbir žurnalistleriň bir günüň dowamynda öz maglumatlarynda adaty okyjylar, diňleýjiler ýa-da tomaşaçylar üçin düşnükli bolmadyk 10-a golaý sözi ulanýandygyny görkezýän mysallar bar. Şeýlelikde, olar resmi diliň normalaryny gödeklik bilen bozýarlar” diýip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň terminologiýa komitetiniň başlygy Gawhar Şarifzoda özüniň metbugat ýygnagynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýekebara žurnalistler 75-100 amerikan dollary aralygynda, kompaniýalar bolsa 150-200 amerikan dollary aralygynda pul jerimesi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Mundan ozal, Täjigistan bäbeklere daşary ýurt atlaryny dakmagy gadagan edipdi.

XS
SM
MD
LG