Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Sawçenko açlyk yglan etdi


Nadia Sawçenko.

Nadia Sawçenko.

Iki ýyla golaý wagt Orsýetiň türmelerinde saklanylan ukrain harby ofiseri Nadia Sawçenko Ukrainanyň tussaglar urşy sebäpli açlyk yglan edýändigini aýdýar.

“Men ukrainleriň tussaglykdan boşadylmak meselesi dogrusynda hereket etmeýän dünýäniň ähli hökümet resmilerine garşy gaýtadan açlyk yglan edýärin. Men bu babatda oňaýly netijä gelinýänçä, açlygymy dowam etdirerin” diýip, Sawçenko 2-nji awgustda Kiýewde eden çykyşynda aýtdy.

Sawçenko 2014-nji ýylyň iýun aýynda tussag edilip, Orsýetiň sudy tarapyndan iki orsýetli žurnalistiň öldürilmegine gatnaşmakda günäli tapylyp, 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ol maý aýynda tussaglaryň çalşygy esasynda azatlyga goýberilenden soň, Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda has köp tussaglaryň çalşyrylmagyna we Orsýete tarapdar separatistler bilen göni parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge çagyryş edýär.

XS
SM
MD
LG