Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Abadi korrupsiýa aýyplamalaryny derňemegi tabşyrdy


Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi (çepde) we parlamentiň spikeri, ýagny başlygy Salim al-Jabouri.

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi (çepde) we parlamentiň spikeri, ýagny başlygy Salim al-Jabouri.

Yrakda korrupsiýa bilen baglanyşykly täze krizis dörän mahaly, ýurduň premýer-ministri Haýdar al-Abadi ýarag şertnamalarynda korrupsiýanyň bardygy baradaky aýyplamalary derňemegi tabşyrdy.

Bu baradaky tabşyryk, 1-nji awgustda Yragyň parlamentinde ýurduň goranmak ministri Haled al-Obeidiniň öňe süren korrupsiýa aýyplamalaryny parlamentiň spikeri, ýagny başlygy Salim al-Jabouri ret edenden bir gün soňa gabat geldi.

Bu aýyplamalardan soň, Abadi döwletiň korrupsiýa garşy göreşýän edarasy “Bitewilik komissiýasyna” korrupsiýa aýyplamalaryny derňemegi tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG