Sepleriň elýeterliligi

Uly söz ussady aradan çykdy. Fazil Iskander geçen asyryň 2-nji ýarymynda dünýä edebiýatynda özüni tanadyp bilen ussatlardan biri bolupdy.

Milleti tanatmak

Oňa ussat ýazyjy diýlip baha berilse, abraýyna şikes ýetmez. Sebäbi ussatlyk ykrar edilse, munuň özi az zat däl. Ýöne Fazil Iskanderiň hyzmaty ondan agdygrak.

SSSR diýilýän ägirt uly döwlet ençeme milleti, halklary, dürli medeniýetleri hem dilleri özünde jemleýärdi. SSSR-de näçe milletiň bardygyny takyk aýdýan ýokdy. Şeýle-de bolsa, aýry-aýry milletler tanalýardy. Biz özümize “güneşli ülkeden” diýýärdik. Türkmenistana “ak altynyň mekany” diýýänlerem bardy.

Şol wagtyň özünde Gyrgyzysata “Çingiz Aýtmatowyň Watany” diýýärdiler. Bilbil, Reşit Beýbütow ýa Muslim Magomaýew Azerbaýjany tanadýardylar. Aram Haçaturýan diýlende Ermenistany göz öňüne getirýärdik. Mustaý Kerim arkaly Başgyrtystany bilýärdik. Dagystan Resul Gamzatowyň ady bilen şöhratlandy. Kaýsyn Kulyýew balkar halkynyň meşhur ogludy, Dawut Kugultinow galmyklaryň wekilidi. Şu babatda Georgiý Gulia bilen Fazil Iskander örän az sanly abhaz halkyny SSSR-e tanatdy.

Çegemli gahryman

Bularyň ikisi-de rus dilinde eser döredýän awtorlardy. Georgiý Gulia taryhy eserler ýazýardy. Ol Gündogaryň hem gadymy Gresiýanyň örän tanymal adamlary barada söz açdy. Fazil Iskander bolsa öz halky abhazlar, olaryň durmuşy hem tebigaty barada ýazdy.

Faziliň dili ýeňildi, çeperdi hem ýiti degişmä baýdy. Ol edebiýat meýdanyna owal başda şahyr bolup geldi. Kawkazdan bolan adam, eýsem, şahyr bolman bilermi?! Ömrüniň soňky günlerine çenli-de poeziýany unutmady. Ondan gowrak goşgular ýygyndysyny çap etdirdi.

Oňa abraý getiren proza eserleri boldy. “Kozlotur ýyldyzlar toplumy” powesti has meşhur çykdy. “Gadagan miwe”, “Çagalygyň daragty”, “Çegemli Sandro” eserleri ýazyja uly abraý getirdi.

1979-njy ýylda SSSR-iň senzurasyna tabyn bolmadyk “Metropol” almanahy çykypdy. Onda erkin sözüň tarapynda durýan iň belli ýazyjy-şahyrlar bilen birlikde Fazil Iskanderiň hem “O, Marat!” powesti ýerleşdirilipdi. Almanaha eserlerini beren awtorlara gysyş görkezildi. Şonda Faziliň ady tutulyp, “ondan öç alsalar gerek, sebäbi yzynda durjak beýik halky ýok” diýdiler.

Takmynan bäş ýyllap Fazil Iskanderiň hiç bir eseri çykmady. Ýöne onuň erkin sözüni bogup bilmediler. Ol ekin hem dogry sözüň yzynda mert durdy. Şeýdip, dünýä derejesinde tanaldy. Onuň “Çegemli Sandro” eserinden bölekler, has takygy SSSR senzurasynyň rugsat etmedik ýerleri daşary ýurtda, aýratyn-da ABŞ-da çap boldy.

Ol öz halkyny – abhazlary dünýä tanatdy.

Işjeňlik

Ol köp hem agyr işleýän ýazyjy bolsa gerek. 70-nji ýyllarda bir säw bilen Aşgabada geldi. Gelen habaryny eşitsek-de, özüni görüp bilmedik. Duşuşyklardan, dürli ýygnaklardan gaçýardy. Ol hakykaty aýtmak meselesinde başgalara göreldedi.

Onuň eserleri esasynda film surata düşürildi, dürli sahna eserleri döredildi.

80-nji ýyllaryň aýagynda, SSSR-de aýdyňlyk döwri başlananda, Faziliň iki hekaýasy esasynda “Kanuny ogry” diýen film ekrana çykdy. Şondan öň Sowet metbugatynda kanuny ogrular, mafiýa barada ýeke söz hem aýdylmaýardy. Sebäbi bizde mafiýa ýok hasaplanýardy. Fazil muny çeper eserde aýdyp bildi. Şol eserler esasynda hem film döredildi.

“Kanuny ogry” ekrana çykan güni ähli şäherlerde ony ilki kanuny ogrular görüpdirler diýen gürrüň ýaýrady. Film soňra beýleki tomaşaçylara rugsat edildi. Elbetde, ol film amerikan režisýory Frendis Ford tarapyndan alnan “Ruhy ata” (iňlisçesi The Godfather) ýaly däldi, ondan has pesdedi. Ýöne ýazyjy biziň ýurdumyzda-da kanuny ogrularyň hereket edýänini ilkinji bolup aýtdy. Bu onuň aýratyn batyrlygydy.

Göreşler

Ol SSSR-iň soňky ýyllarynda, aýratyn-da respublikalar öz garaşsyzlygyny talap edýän döwürlerde bar sesi bilen demokratiýany goldady hem halklaryň azat-erkin bolmalydygyny öňe sürdi.

Fazil Iskander Ýokary Sowete – Parlamente deputat bolmak bilen halklaryň özbaşdaklygyny gazanmak höwesini goldady.

Beýle pikirler milli respublikalar üçin örän gymmatlydy. SSSR halklary erkinlik ugrunda göreşdiler. Bu göreş köp ýerde pidaly, kä ýerde parahat ýagdaýda amala aşdy.

Terjimehaldan

Fazil Iskanderiň kakasy eýranly, Iskander Abdul Ibragim 1938-nji ýylda SSSR-den deportasiýa edilýär we 1957-nji ýylda aradan çykýar. Ejesi abhazlardan Leli Hasanowna Mişeliýa 1980-nji ýyla çenli ýaşaýar. Fazil Çegem obasynda rus mekdebini tamamlaýar. Ol “meniň durmuş ýolum eserlerimde, ýöne takyk däl” diýip belläpdy.

40 ýyl mundan öň Moskwa göçüp geldi. Soňky ýyllarda syýasy hem milli meselelere goşulmady. Näme üçindir bu ýiti meselden özüni çetde saklady.

Ýöne abhaz halkynyň beýik ogly hökmünde tanaldy. Onuň gazanan beýik abraýy abhaz halkynyň adyna berildi. Dünýäde şeýle halkyň ýaşaýandygyny hemmelere aýan etdi.

Ýazyjy 87 ýaşynda, 31-nji iýulda aradan çykdy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG