Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni oppozisiýasy deslapky tussaga höküm edildi


Protest aksiýasy, Ýerewan
Protest aksiýasy, Ýerewan

Ermenistanda üç oppozision syýasatçy köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda aýyplanyp, deslapky tussaghana ugradyldy.

2-nji awgustda Ýerewanyň sudy oppozision “Miras” partiýasyndan Dawid Sansarýana we Howsep Hurşidýana, şeýle-de “Ermenistan, aýaga gal” atly raýat hereketiniň lideri Andreas Hukasýana garşy derňewleri dowam edýän wagtynda, olaryň iki aýlyk deslapky tussaglykda saklanmagy barada karar çykardy.

17-nji iýulda “Parlamenti esaslandyryjy” atly oppozision radikal hereket bilen ilteşikli ýaragly adamlaryň topary Ýerewanyň polisiýa edarasyny eýeläp, prezident Serž Sarkisýandan öz wezipesinden çekilmegi hem-de hereketiň tussaglykdaky lideri Žiraýr Sefilýany boşatmagy talap edipdi.

Ýaragly toparyň müňlerçe tarapdary iki hepdä golaý wagt bäri geçirilýän gijeki ýörişlere gatnaşýarlar we olar wagtal-wagtal polisiýa bilen çaknyşýarlar.

Ýaraglylar 31-nji iýulda polisiýa boýun boldular. Zorluklar zerarly iki polisiýa ofiseriniň wepat bolandygy aýdylýar.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan birnäçe aýyň dowamynda “milli islege” görä hökümeti düzmegi wada berdi. Emma ol, iki hepdeläp Ýerewanyň polisiýasyna garşylyk görkezen ýaragly oppozision topary ýaňzydyp, onuň düzümine (Sarkisýanyň öz sözi bilen aýdylanda) “terrorçylaryň we olaryň tarapdarlarynyň” girmejegini duýdurdy.

1-nji awgustda 1000-den gowrak adam Ýerewanyň köçelerine çykyp, iki hepdeläp polisiýa bölümini öz elinde saklan we dynç güni tussag edilen 20 sany ýaragly adama geçirimlilik edilmegini talap etdiler.

Sarkisýan “döwlet binýadynyň ähmiýetini gaçyrmaga” hiç kime ýol berilmejegini aýtdy.

“Ermenistandaky problemalar ýaragly zorluk arkaly çözülmez” diýip, Sarkisýan “Ýerewanyň Beýrut ýa-da Aleppo däldigini” ýatlatdy.

Ermenistanyň prezidenti ýagdaýlary “jikme-jik derňemegi, köptaraplaýyn, bitarap we açyk sud geçirmegi” tabşyrandygyny aýtdy.

1-nji awgustda adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy Ermenistanyň polisiýasyny “parahat protestçilere garşy aşa güýç” ulanmakda aýyplady.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy protestler barada habar beren üç habarçysynyň raýat eşigindäki polisiýa ofiserleri bolmagy güman edilýänler tarapyndan ýenjilendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG