Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebit 40 dollara çenli arzanlady


Tomsuň başlanmagy bilen has möhüm hadysalar sebäpli ýatdan çykan nebit – gaýtadan bahasynyň gaty aşak gaçmagy bilen ýene-de günüň esasy temasyna öwrüldi.

Reuters habar gullugynyň ahyrky maglumatyna görä, nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreliniň bahasy ýüzden 3,19 göterim arzanlap, 42 dollara çenli pese gaçdy.

Teksas nebitiniň bir barreliniň bahasy edil häzir 40 dollara deň.

CNBC, tanymal nebit hünärmenlerinden John Kilduffa salgylanyp beren maglumatynda, nebitiň bir barreliniň bahasynyň indi 35 dollara çenli pese gaçyp biljekdigini aýdýar.

CNBC nebitiň bir barreliniň bahasynyň 40 dollara düşmeginiň nebit eksport edýän ýurtlaryň aglabasy üçin psihologiki çäkdigine ünsi çekýär.

Aslynda nebitiň bahasynyň birden pese gaçmagyna nebit öndürijileriň özleri sebäpkär.

Reutersiň golaýda ýaýradan synyndan çen tutsaň, onda OPEC-iň önümçiligi ýakyn taryhdaky rekord derejä baryp ýetipdir.

Çig nebit girdejini ýokarlandyrýar

Şol bir wagtyň özünde indi bäşinji hepde ABŞ-da girdejä täsirli goşant goşýan burawlaýyş işleriniň sany iň ýokary derejä ýetdi.

Beýleki tarapdan, Sawud Arabystanynyň “Aramco” atly döwlet nebit firmasy ýeňil arap nebitiniň resmi bahasyny arzanlatdy.

Nigeriýada bolsa, durnuksyzlyga garamazdan, nebitden gelýän girdeji artdy. Orsýet hem eýýäm üç aýdan bäri girdejini artdyrmaga dowam edýär.

OPEC-iň agzalary bazarlar barasynda täze göreşleriň başlanmagyndan ynjalyksyzlanýarlar. Başgaça aýdylanda, olary bazarlardaky artykmaç nebitiň mukdarynyň köpelmegi biynjalyk edýär.

Tanymal nebit hünärmeni John Kilduffyň aýtmagyna görä, benzine bolan talabyň artmagynyň nebit bazaryndaky bahalary pugtalandyrmagyna garaşylýardy. Ýöne iş ýüzünde garaşylany bolmady.

“Çakyma görä, ýagdaý şu wagt nebitiň bahasynyň iň azyndan 35 dollara çenli arzanlamagyna tarap barýar” diýip, hünärmen öz pikrini berýän edýär.

20 dollar gürrüňi

CNBC-iň nebit satygçylaryna salgylanyp beren maglumatyndan ugur alsaň, onda bir barrel nebitiň bahasynyň 40 dollardan pese gaçmagy arzanlaşygyň 36 dollara çenli baryp ýetjekdigini aýtmaga doly esas berýär.

Kilduffuň pikirine görä, eger şeýle ýagdaý bolaýsa, öňümizdäki güýz aýlarynda nebitiň bahasy geçen ýylky iň pes derejä, ýagny bir barrel üçin 25,05 dollara çenli arzanlap biler.

“TD Securities” firmasynyň hünärmeni Mike Dragosits bolsa bir barrel nebitiň bahasynyň bazaryň durnuklylygy taýdan alanyňda, suwy seňrikden agdyrýan iň aýgytlaýjy çägiň 35 dollardygyny ýatladýar.

Emma ol her halda nebitiň bahasy 20 dollara çenli arzanlar öýdüp pikir edenok.

Nebitiň bahasy iýundan owal bir barrel üçin 51 dollara çenli ýokarlandy. Şondan soň hem bu bahalar ýüzden 22 göterim pese gaçdy.

XS
SM
MD
LG