Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak žurnalistleriniň sud ediljek güni bellendi


Seitkazy Mataýew, Almaty
Seitkazy Mataýew, Almaty

Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň we Milli metbugat klubunyň başlygynyň we onuň oglunyň sud diňlenişiginiň güni bellendi.

Astananyň Esil etrap sudy Seitkazy Mataýewiň we onuň ogly Asetiň işiniň deslapky diňlenişigini 3-nji awgustda geçirdi sudy 23-nji awgustda geçirmek kararyny yglan etdi.

Sud olary girew astynda boşatmak baradaky ýüzlenmäni ret etdi.

Mataýew we onuň ogly KazTAG täzelikler agentliginiň müdiri polisiýa tarapyndan fewral aýynda tussag edilipdi hem öý tussaglygyna alnypdy.

Olar maliýe galplyklara baş goşmakda aýyplanýar. Şeýle-de Seýitkazy Mataýew salgytdan gaçmakda günälenýär.

Olaryň ikisi-de özlerine ýöňkelýän aýyplamalary ret edýärler we olaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG