Sepleriň elýeterliligi

Kerri Merkezi Azianyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 3-nji awgustda Waşingtonda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrlerini kabul eder.

Duşuşykda regional howpsuzlyk, ykdysady aragatnaşyk, tebigat, howanyň maýlamagy we ynsanperwerlik bilen bagly meseleler maslahat ediler.

Şeýle-de Kerri we ministrler 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiren birinji duşuşygynyň yzýany işçi toparlaryň işläp düzen bäş sany proýektini ara alyp maslahat ederler.

Duşuşygyň dowamynda döwlet sekretarynyň orunbasary Antony Blinken bäş ministr we ABŞ-nyň abraýly analiz merkezleriniň liderleri bilen nahar başynda duşuşyp, Merkezi Aziýanyň 21-nji asyrdaky ösüşi barada pikir alyşar.

XS
SM
MD
LG