Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bişkek: Siriýada, Yrakda 600 çemesi gyrgyz raýaty söweşýär


"Yslam döwleti" toparyna goşulan gyrgyzystanly zenan, 29-njy iýun, 2015

"Yslam döwleti" toparyna goşulan gyrgyzystanly zenan, 29-njy iýun, 2015

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk resmileri 600 çemesi gyrgyz raýatynyň Siriýada we Yrakda yslamçylara goşulandygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň metbugat-wekili Rahat Sulaimanowyň 3-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, agzalan san 100 çemesi zenany öz içine alýar.

Sulaimanow soňky ýyllarda yslamçy söweşiji toparlaryň düzüminde söweşen 70 gyrgyz raýatynyň öldürilendigini habar berdi.

Şeýle-de ol Siriýada we Yrakda söweşen 20 gyrgyz raýatynyň Gyrgyzystana dolanyp barandygyny aýtdy.

Mundan ozal gyrgyz resmileri Ýakyn Gündogar ýurtlarynda yslamçy söweşijilere goşulan gyrgyz raýatynyň sanynyň 500 çemesi diýip habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG