Sepleriň elýeterliligi

D.Koreýanyň ballistik raketasy Ýapon deňzinde gondy


Orta aralyga niýetlenen Hwasong-10 kysymly ýer-howa ballistik raketasy

Orta aralyga niýetlenen Hwasong-10 kysymly ýer-howa ballistik raketasy

Demirgazyk Koreýanyň uçuran ballistik raketasy ilkinji gezek Ýaponiýanyň suwlarynda ýa-da golaýynda gondy. Bu synag Phenýanyň BMG-iň sanksiýalaryna boýun bolmazlygy bilen bagly soňky hereketidir.

Ýaponiýa raketanyň esasy böleginiň özüniň ykdysady aralyk zonasynda gonandygyny aýdýar. Ýaponiýanyň premýer-ministri Şindzo Abe raketanyň uçurylmagyny “gahar dörediji hereket” diýip atlandyrdy we Ýaponiýa “düýpli wehim” salýandygyny belläp, Tokionyň “berk protest edýändigini” aýtdy.

Rodong tipli orta aralyga niýetlenen raketa 620 çemesi kilometr ýoly söküp 3-nji awgustda Ýapon deňzinde gondy.

ABŞ-nyň Strategik harby ýolbaşçylygy iki sany raketany anyklandygyny, olardan biriniň uçurylan pursadynda partlandygyny habar berdi.

Phenýan ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň raketalara garşy ösen sistemany ornaşdyrmak barada geçen aýda yglan eden planyna “fiziki jogap “ bermek haýbatyny atdy.

XS
SM
MD
LG