Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan, Gazagystan dissidentleri ‘gysaja salýar’


Özbegistan, Gazagystan we beýleki awtoritar hökümetler Günbatar ýurtlarynyň hukuk organlary tarapyndan ulanylýan kiber-gurallary edindiler we olar bu gurallary dissidentleriň şahsy maglumatlaryna bikanun aralaşmak hem-de olary gynamalara we ýanamalara sezewar etmek üçin ulanýarlar diýip, 2-nji awgustda media serişdesi habar berdi.

“Associated Press” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, derňewçiler 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri “Verint” we “Nice Systems” ýaly kompaniýalaryň Özbegistanyň we Gazagystanyň gizlin polisiýasyna uly göwrümde gözegçilik enjamlaryny satandygynyň üstüni açdylar.

Gürrüňi edilýän iki kompaniýanyň hem ysraýylly işgärleri tehniki goldaw bermek üçin özbek paýtagty Daşkende birnäçe gezek gelip-gitdiler.

“Kanuny saklamak”

Bu enjamlar Özbegistanyň gizlin polisiýasyna telefon ýa-da email arkaly duýgur maglumatlary maslahat edenleriň, şol sanda özbek bloggerleriň we dissidentleriň ýerleşýän ýerini kesgitlemäge we olary tussag etmäge mümkinçilik berýär diýip, dissidentler aýdýarlar.

“Häkimiýetleriň esasy ýaragy halkyň gorkusy. Söz azatlygy, öz pikiriňi beýan etmek azatlygy - bularyň ählisi gadagan edildi” diýip, Şweýsariýada sürgünlikde ýaşaýan özbegistanly Tulkin Karaýew “AP” habar agentligine beren maglumatynda aýdýar.

Geçen ýyl adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasy soňky 10 ýylyň dowamynda Özbegistan “repressiw dolandyryşyny amala aşyrmak üçin müňlerçe adamy tussag etdi” diýdi. Başga pikirdäki adamlar esassyz tussag edilmelere, mejbury zähmete we gynamalara sezewar edilýär diýip, toparyň maglumatynda nygtalýar.

Ýöne yzygiderli adam hukuklaryny depeleýän hökümetleriň - Günbatar ýurtlaryň polisiýasyna we aňtaw gulluklaryna satylan - “kanuny saklamak” diýlip häsiýetlendirilýän enjamlary edinmeginiň öňüni almak o diýen mümkin däl. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar tehnologiýanyň üsti bilen yzarlanýan adamlar urlup-ýenjilip, tussag edilýär we gynamalara sezewar edilýär diýýärler.

Derňew topary

Bu aralykda, Reuters habar gullugy Gazagystanyň hökümetine işleýändigine ynanylýan hakerleriň aňtaw programmasy arkaly daşary ýurtda sürgünlikde ýaşaýan dissidentleriň aklawçylaryna we hyzmatdaşlaryna täsir ýetirmäge synanyşandygyny habar berdi.

Derňew topary, Nýu-Ýorkda ýaşaýan adam hukuklary boýunça aklawçy Peter Sahlasy, Gazagystan bilen baglanyşykly kanuny dawanyň üstünde işleýän italiýaly aklawçy Astolfo Di Amatony we Gazagystandan ençeme ýyl ozal gaçyp çykan gazak neşirýatçylary Irina Petruşowany we Aleksandr Petruşowy öz içine alýan topara ugradylan emailleri derňedi.

Ugradylan emailler alyjylary söwda taýdan elýeterli iki içalyçylyk saýtyň birine sapmaga çalyşdy. Özem bu iş hakyna tutulan hindi kompaniýasyndan ugradylan emailler, ýagny elektron hatlar ýaly bolup görünýär.

Daşary ýurtlaryň birinde sürgünlikde ýaşaýan iki gazak neşirýatçysy “Respublika” atly onlaýn gazeti döretdiler. Bu gazetde hökümetden syzan ýa-da haker hüjümi edilen, ýagny döwülen emailler çap edildi.

“Biz hökümetler tarapyndan syýasy dissidentleri, esasanda sürgünleri yzarlamak üçin zyýanly gurallaryň has giňden ulanylýandygy dogrusynda şübhelenýäris” diýip, derňew topary aýtdy.

XS
SM
MD
LG