Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň, Gazagystanyň dissidentleri yzarlaýandygy aýdylýar


Bilermenler Özbegistanyň we Gazagystanyň hökümetlerine yzarlamak üçin serişdeleriň satylandygyny anykladylar

Bilermenler Özbegistanyň we Gazagystanyň hökümetlerine yzarlamak üçin serişdeleriň satylandygyny anykladylar

Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki awtoritar hökümetleriň Günbataryň kanuny goraýjylarynyň ulanýan gurallaryny satyn alyp, dissidentleri yzarlamak we olara basyş etmek üçin ulanýandygyny 2-nji awgustda media serişdeleri habar berdiler.

Bilermenler 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri “Verint” we “Nice Systems” atly şirketler ýaly kompaniýalaryň Özbegistanyň we Gazagystanyň hökümetlerine yzarlamak üçin serişdeleri satandygyny anyklady, diýip Associated Press agentligi habar berdi.

Bu gurallar Özbegistanyň gizlin polisiýasyna telefon ýa-da elektron poçta arkaly çylşyrymly temalar barada pikir alyşan adamlary dessine tapyp, tussag etmäge mümkinçilik döretdi, diýip dissident aýdýar.

“Häkimiýetleriň esasy guraly adamlaryň gorkusydyr” diýip Şwesiýada ýaşaýan özbek dissidenti Tulkin Karaýew AP agentligine aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Right Watch” guramasy soňky 20 ýylyň dowamynda Özbegistanyň “repressiw düzgünleri ulanyp müňlerçe adamy tussag edendigini” habar berdi we başga pikirli adamlaryň eden-etdilikli tussaglyk, mejbury zähmet we gynamalar arkaly jezalandyrylýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG