Sepleriň elýeterliligi

Waşington Merkezi Aziýada täze ýoda gözleýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow bilen, Aşgabat, 3-nji noýabr, 2015.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow bilen, Aşgabat, 3-nji noýabr, 2015.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 3-nji awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň bäş daşary işler ministrini, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň baş diplomatlaryny kabul edýär.

C5+1 diýlip at berlen duşuşygyň ilkinji tapgyry geçen ýyl Samarkantda, Özbegistanda geçirilipdi.

Birleşen Ştatlar, Owganystanda bolmagyny kemeltmek bilen,Merkezi Aziýa bilen 15 ýyllap eden gatnaşyklaryny gaýtadan gurmaga synanyşýar. Waşington üçin bu sebitde öň iň ileri tutulýan mesele howpsuzlyk bolup durýardy.

Waşington Merkezi Aziýa bilen täze söwda gatanyşklaryny açmaklyga umyt baglaýar, emmagoňşy Hytaýyň bu sebitde soňky on ýylda guran ykdysadyagalygy bilen bu wezipe kyn bir döwre gabat geldi.

Mundanam başga, Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýanyň hökümetleriniň, demokratik institutlary gurmak we ösdürmek üçin, esasy adam hukuklaryna has kän hormat goýmalydygyna we bu ugurda göze ilerlik çäreleri görmelidigine basyş etmäge çalyşýar.

Waşington 1990-njy ýyllarda Merkezi Aziýa döwletlerini demokratik reformalara tarap iteklemekde aktiwlik gökezýärdi, emma 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan hüjümlerden soň öz ünsüni goňşy Owganystandaky terrorçylykly hereketlere garşy tagallalara gönükdirdi.

Käbir tankytçylar Birleşen Ştatlaryň syýasat üýtgetmesi Merkezi Aziýadaky hökümetler we adamlar tarapyndan gowy garşylanmady we sebitiň Birleşen Ştatlar babatdaky garaýşyny üýtgetdi diýen pikiri öňe sürýär.

Kerri häzir, görnüşiýenden, bäş daşary işler ministrini has giň regional hyzmatdaşlyga we integrasiýa hyjuwlandyrjak bolýar, emma hakykatda Merkezi Aziýada emele gelen ýagdaý düýpden başgaça bolup durýar. Sebäbi bu bäş döwlet, 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, garaşsyz ýurt bolaly bäri, biri-birinden has daşlaşmak bilen boldy.

Onsoň bu ýagdaý Waşingtonyň ýurtlar bilen aradaky indiwidual gatnaşyklara has köp üns bermegi saýlap almagyna-da getirip biler.

Günbatar hökümetleri, şol sanda ABŞ üçin Gyrgyzystan şindem Merkezi Aziýada demokratiýanyň kök urjagyna uly umyt beriji ýurt bolup durýar.

Gyrgyzystan indiki ýyl prezident saýlawlaryny geçirýär we iş başyndaky prezident Almazbek Atambaýew baş kanunyň bir möhlet prezidentlik düzgünine boýun bolup, iş başyndan gitjegini gaýta-gaýta dile getirdi.

Häkimiýetiň parahatçylykly çalyşmagy, konstitusiýa esasyndaky çäklendirmeler Waşingtonyň Merkezi Aziýanyň ähli ýurdunda görmek isleýän bir zady. Onsoň ABŞ resmileri gyrgyz daşary işler ministri Ýerlan Abduldaýew bilen uzak maslahat etjege meňzeýär.

Gazagystanyň daşary işler ministri Ýerlan Idrisow bilen ykdysady meseleler barada gürrüň ediljege meňzeýär. Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýadaky iň uly inwestisiýasy Şewron kompaniýasynyň Gazagystanyň Tengiz nebit ýatagynda alyp barýan işleri bilen bagly. Günbatar Gazagystandaky «TengizChevroil» proýekti ABŞ-gazak ganaşyklaryna ýigrimi ýyldan gowrak esas berdi.

Emma muňa garamazdan, Gazagystan soňky ýyllarda özüniň demokratik reformalary durmuşa geçirmegini kemeltdi we gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ölýänçä iş başynda galmak üçin kanunçylyga düzediş girizdi.

Şu ýylyň başynda bolan irki parlament saýlawlaryna bolsa, hakyky oppozisiýa partiýalary gatnaşdyrylmady. Nazarbaýew iýulyň başynda 76 ýaşady weonuň görnüp duran oruntutary ýok. Mundanam başga, Gazagystanda azat saýlaw geçirip, halk tarapyndan saýlanan ikinji prezidenti häkimiýete getirip biljek sistema hem ýok.

Täjigistanyň, Türkmenistanyňwe Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen hem şu esaslarda indiwidual duşuşyklar geçiriler. Bu döwletleriň üçüsinde hem ornaşan prezidentler, repressiw syýasy sistema bar we munuň üstesine olaryň hemmesi goňşy Owganystandan, günortadan abanýan howpsuzlyk aladalary bilen ýüzbe-ýüz dur.

Waşington, görnüşinden, bu üç hökümetiň petige baryp dirän demokratik reformalary ýerinden gozgamagy üçin nähilidir bir yşaratlar etjege meňzeýär.

Emma munuň häzirki pursatda boş umyt bolmagy-da mümkin. Sebäbi bu döwletleriň prezidentleriniň hiç biri entek ornuny boşatjaga meňzemeýär we, oppozisiýa seslerine berk garşy durmak bilen, olar öz syýasy sistemalaryny üýtgewsiz saklamaga çalyşýarlar.

Orsýet şindem Merkezi Aziýa howpsuzlygynyň esasy girewi bolup durýar, Hytaý bolsa bu sebitde ykdysady taýdan agalyk edýär.Birleşen Ştatlar bu ýerde howpsuzlyk we söwda roluny oýnamaga synanýar, emma aýgytly bir derejede bu iki uly güýjüň başarmajak bir zadyny teklip edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG