Sepleriň elýeterliligi

C5+1: Terrorçylyk, ykdysady ösüş maslahat edildi


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 3-nji awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri bilen duşuşan mahaly, terrorçylyga garşy göreşde we ykdysady ösüşi hyjuwlandyrmakda has köp hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Waşingtonda geçirilen möhüm duşuşyk, Birleşen Ştatlar Orsýet we Hytaý tarapyndan agalyk edilýän hem-de syýasy durnuksyzlyk we yslamçy terrorizm bilen barha köp ýüzbe-ýüz bolýan region bilen gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmäge synanyşýan mahalyna gabat geldi.

Merkezi Aziýanyň öňki sowet ýurtlarynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Moskwa bilen taryhy arabaglanyşyklary bar. Bu ýurtlaryň ählisi 2014-nji ýylda Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny ele geçirişine we gündogar Ukrainadaky konflikte goşulyşyna alada bilen syn etdi.

Kerri duşuşygyň açylyş dabarasynda gepleşikleriň diňe zorlukly ekstremizme we ykdysady ösüşe däl-de, daşky gurşawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna we klimatyň üýtgemegine gönükdiriljekdigini aýtdy.

Adam hukuklary meselesi

“Şu gün biz täze regional çemeleşiş arkaly terrorçylyga garşy göreşde, söwda we inwestisiýada, ykdysady ösüş we arassa energiýa boýunça täze inisiatiwalary dikeltmek ugrunda has köp progres gazanmagy umyt edýäris” diýip, Kerri belledi.

Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlar “gürrüňsiz, Merkezi Aziýa döwletleriniň her biriniň garaşsyzlygyny, territorial bitewüligini we özygtyýarlylygyny goldaýar” diýdi.

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň diplomatlary Merkezi Aziýa döwletlerindäki adam hukuklary meselesine hem üns çekdiler.

Özbegistan tussaglary gynamalara sezewar etmekde we hukuk goraýjy aktiwistleri toslama aýyplamalar esasynda türmä basmakda ýakasyny tanatdy. Birleşen Ştatlaryň Gyrgyzystanda etniki özbek hukuk goraýjy aktiwistleriň we žurnalistleriň türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgarypdy. Bu ýagdaý ABŞ bilen bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna sebäp bolupdy.

Täjigistanyň liderleri ilata uzyn sakgal goýbermegi gadagan etmek arkaly awtokratik dolandyryşyny barha güýçlendirýär. Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri.

"Diňe rus mediasy agalyk sürmeli däl"

Sammitiň öňýanynda, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili duşuşygyň dowamynda regionda media azatlygy barada hem maslahat ediljekdigini aýdyp, Merkezi Aziýanyň media pudagynda Orsýetiň habar serişdeleriniň agalyk sürmeli däldigini duýdurdy.

“Biz gazak, türkmen, özbek, gyrgyz we täjik halklaryna informasiýanyň erkin elýeterli bolmagyny isleýäris. Islän adam islän gazeti okap, islän telekanalyna tomaşa edip biler. Ýöne Orsýetiň mediasy, telekanallary agalyk sürmeli däl” diýip, Joşua Baker Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Häzirki zaman Merkezi Aziýa TW-sine” beren maglumatynda aýtdy.

“Biz [Orsýetiň mediasyny] propaganda diýip hasaplaýarys. Biz ony garaşsyz informasiýa diýip hasaplamaýarys. Biz Orsýetiň döwletiniň mediany kontrol edýändigini görýäris we bu Sowuk Uruş döwründäki ýaly ulanylýar. Biz adamlaryň anyk, hakyky informasiýa bilen üpjün edilýändigine ynanmaýarys” diýip, Joşua Baker belledi.

C5+1 diýlip at berlen duşuşygyň ilkinji tapgyry geçen ýyl Samarkantda, Özbegistanda geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG