Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonyň häkimi hüjümden soň asudalyga çagyrdy


Londonyň meri Sadik Han
Londonyň meri Sadik Han

Londonyň meri Sadik Han şäheriň merkezinde adamyň pyçaklanmagy bilen bagly ýagdaýdan soň jemgyýeti “asuda we seresaply” bolmaga çagyrdy.

3-nji awgustda Britaniýanyň paýtagtynyň Russell meýdançasynda bolan hüjüm zerarly bir aýal maşgala wepat boldy we bäş adam ýaralandy.

Ýaraly bolan adamlardan ikisi keselhanada galýarlar.

Hüjümiň bolan ýerinde 19 ýaşly adam ele salyndy.

Polisiýa “deslapky alamatlar ruhy hassalygyň esasy sebäp bolandygyny görkezdi” diýdi.

Londonyň meri polisiýanyň “iňňän agyr iş edýändigini” we Londonyň ýaşaýjylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň özüniň ilkinji nobatda duran wezipesidigini belledi.

Britaniýanyň milli muzeýiniň we Londonyň uniwersitetiniň golaýynda bolan hüjümiň yzýany bu ýerde köp sanly polisiýa işgäri ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG