Sepleriň elýeterliligi

Hyratda daşary ýurtly syýahatçylara hüjüm edildi


"Talyban" toparynyň söweşijileri, Hyrat, 3-nji awgust, 2016.

"Talyban" toparynyň söweşijileri, Hyrat, 3-nji awgust, 2016.

Owganystanyň günbatarynda owgan harbylary bilen bilelikde syýahat eden daşary ýurtly syýahatçylaryň topary Hyratda hüjüme sezewar edildi.

4-nji awgustda bolan bu hüjümde azyndan dört adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

“Kerwen Çeşt-e-Şerif etrabynda ‘Talybanyň’ gabawyna düşdi” diýip Hyradyň häkiminiň metbugat-wekili Jilani Farhad aýtdy. Ol syýahatçylaryň Bamýan we Ghor welaýatlaryndan Hyrada barandygyny habar berdi.

Syýahatçylaryň haýsy ýurduň raýatlarydygy dessine mälim edilmedi.

“Talybanyň” hüjümlerini güýçlendirýän tomusky möwsümine gabat gelen bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG