Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Okuwçylaryň çärä çekilmegi adalatsyzlyga esas bolýar


Okuwa girmek üçin synagdan geçýän ýaşlar

Okuwa girmek üçin synagdan geçýän ýaşlar

Türkmenistanda şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna, hünär mekdeplerine 16 müň çemesi ýaş oglan-gyzyň kabul ediljekdigi aýdylýar.

Şol bir wagtda ýurduň okuw jaýlarynda korrupsiýanyň, para-peşgeş we tanyş-bilişlik arkaly baha almagyň uly mesele bolup durýandygy, hökümet derejesinde synaglaryň açyk-aýdyň, adalatly geçirilmeginiň talap edilýändigi, emma bu talabyň ýerine ýetirilmeýändigi aýdylýar.

Ikinji tarapdan, ýerli synçylaryň käbiriniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, eger synaglar adalatly geçirilse, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň häzirki iş ýagdaýynda ýylda 16 müň sany hakyky ekzamenden geçjek ýaşlary tapmak hem aňsat düşmez.

Azatlyk radiosy bu aýdylýanlar barada ýerli synçy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG