Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan terrorizme baş goşanlary raýatlykdan mahrum eder


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew terrorizmde günäli tapylanlary ýurduň raýatlygyndan mahrum etmäge rugsat berýän kanun üýtgetmelerine gol çekdi.

Prezidentiň metbugat-gullugynyň aýtmagyna görä, 4-nji awgustda ýurduň jenaýat we administratiw kodekslerine girizilen üýtgetmeler “terrorizm bilen bagly jenaýatçylyklar üçin jezany güýçlendirýär we terrorizmde hem ekstremizmde aýyplanan adamlary gyrgyz raýatlygyndan mahrum etmek boýunça ädimleri kesgitleýär”.

Bu çäre Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň 600 gyrgyz raýatynyň, şol sanda 100 zenanyň Siriýada we Yrakda yslamçylara goşulandygy barada aýtmagynyň yzýany yglan edildi.

Resmi maglumata görä, Ýakyn Gündogar ýurtlarynda “Yslam döwleti” toparyna goşulan 70 gyrgyz raýaty soňky ýyllarda öldürilipdir.

XS
SM
MD
LG