Sepleriň elýeterliligi

Rio: Olimpia alawy protest bilen garşy alyndy


Rionyň häkimi Eduardo Paes alowy göterip şäheriň içinden geçirdi, Rio de Janeiro, 3-nji awgust, 2016.

Rionyň häkimi Eduardo Paes alowy göterip şäheriň içinden geçirdi, Rio de Janeiro, 3-nji awgust, 2016.

Olimpia alawy dünýä ýurtlarynyň üstünden 20 kilometrlik ýol geçensoň gämili Rio de Janeiro alnyp baryldy.

Rionyň häkimi Eduardo Paes alawy alansoň ony göterip şäheriň içinden geçirdi.

Soňra Rionyň demirgazyk böleginde Olimpia oýunlarynyň geçirilmeginiň gymmatlygyna nägilelik bildirýän protestçiler alowy alyp barýan estafetanyň öňünde päsgelçilik döretdiler.

Polisiýa göz ýaşardýan gazy we rezin oklary ulanyp protestçileri dargatdy.

Üç adamyň, şol sanda 10 ýaşly gyzyň ýaralanandygy habar berildi.

Çökgünliligi başdan geçirýän Braziliýada 5-nji awgustda başlanýan Olimpia oýunlarynyň açylyş dabarasynyň öňýanynda has köp protestleriň geçirilmegine garaşylýar.

3-nji awgustda guramaçylar milliondan gowrak bilediň, ýagny umumy sandan 20% çemesiniň henizem satylmandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG