Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Orsýetden mal importuny bes etdi


Gazagystan Orsýetden iri mal importuny bes etdi
Gazagystan Orsýetden iri mal importuny bes etdi

Gazagystan sibir başy epidemiýasyndan heder edip, Orsýetden şahly iri mallary satyn almagy bes etdi.

Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi importyň 3-nji awgustda ýatyrylandygyny mälim etdi.

Orsýetiň resmileri Ýamalo-Nenets regionynda tutaşan sibir başy epidemiýasynyň 12 ýaşly oglanyň ölümine sebäp bolandygyny, şeýle-de 20-den gowrak ýerli ýaşaýjyda bakterial keselçiligiň anyklanandygyny habar berdiler.

Resmiler epidemiýanyň tutaşmagynyň sebäplerini yssy howa bilen düşündirýärler.

Soňky günlerde epidemiýa zerarly ýerli ýaşaýjylar tarapyndan idelýän 2300 keýigiň gyrylandygy habar berildi.

Iýun aýynda Gazagystanyň Karagandy we Gündogar Gazagystan regionlarynda sibir başy epidemiýasynyň tutaşmagy zerarly iki oba ýaşaýjysy wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG