Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudyly kaka gyzyny kapasada saklapdyr


Ilýustrasiýa.
Ilýustrasiýa.

Welsiň paýtagty Swanside doglan Amina Al-Jeffery 16 ýaşyndan bäri kakasy Mohammed Al-Jeffery tarapyndan urlup-ýenjilip, aç saklanýar.

Britaniýanyň "The Sun" atly gazeti, Saud Arabystanynda "musulmançylyga ters" hereket etdi diýip, kakasy tarapyndan 4 ýyldan bäri kapasada saklanýan okuwçy gyzyň suratyny çap etdi.

Aminanyň howpsuzlygyndan ynjalyksyzlanan Britaniýanyň daşary işler ministrligi ony yzyna öýüne gaýtaryp getirmäge synanyşýar. Ýöne saud hökümeti Britaniýanyň ýokary kazyýetiniň Aminanyň öýüne dolanmagy barasynda kabul eden kararyna garşy çykmagy üçin onuň kakasy Mohammed Al-Jefferä pul beripdir.

Kakasy gyzynyň günbatarly gyzlar ýaly ýaşamagyny halamaýar

Aminanyň aklawçysy Henry Setrightiň aýtmagyna görä, 21 ýaşyndaky gyz mundan 5 ýyl owal Saud Arabystanyna äkidilipdir we şondan bärem ol ýerde bendilikde ýaly saklanýar. Sebäbi onuň kakasy gyzynyň günbatarlylar ýaly ýaşamagyny oňlamaýar.

Hukukçy Hutchinson "Amina welsli bir adaty gyz we onsoňam ol hut Wels şiwesinde gepleýär. Ol öz öýüne, ýagny Britaniýa dolanmak, durmuşyny we ykbalyny öz erkine görä ýöretmek isleýär" diýýär.

Şa Abdulaziz adyndaky uniwersitetde işleýän 62 ýaşyndaky Mohamed Al-Jefferä gyzyny Britaniýanyň Jidde şäherindäki konsullygyna hukukçylar bilen duşuşyga eltmelidigi aýdylypdyr. Ýöne ol, tä Britaniýanyň Daşary işler ministrligi gyzyna bosgunlyk bermejekdigi barada kasam edýänçä, olar bilen ylalaşyga gelmekçi däl.

Stoluň aşagyna gysdyrylan hat

Gürrüň berilmegine görä, konsullykdaky duşuşykda stoluň aşagyna assyrynlykda hat gysdyran 21 ýaşndaky Amina ol hatda öz ykbalyny alada edýändigini aýdypdyr.

Ýöne Muhammed Al-Jefferiniň aklawçysy Marcus Scott-Manderson gyzyň kakasynyň kazyýetiň çykaran kararyna "tabyn bolmaga özüni mejbur edip bilmändigini" aýdýar.

Britaniýanyň kazyýetiniň kararynyň ýeterlik derejede düşnükli bolmandygyny aýdýanlaram bar. Meseläniň iň wawwaly ýeri, indi Aminanyň kämillik ýaşyna ýetmegi we şol bir wagtyň özünde-de onuň Saud hem Britaniýa raýatlygyna eýe bolmagydyr.

Dokuz çagaly Mohammed Al-Jeffery, entäk Amina dogmanka Welse göçüpdir. Ol maşgalasy bilen hökümetden kömek sorap ýüz tutupdyr. Onuň çagalary Britaniýada orta mekdepde we uniwersitetlerde okap, bilim alypdyrlar.

Häzir bu agzalan sud işi boýunça kazyýetiň işi dowam edýär.

XS
SM
MD
LG