Sepleriň elýeterliligi

Pentagon Pakistana harby kömegini saklaýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ç) we goranmak sekretary Aş Karter (s), Pentagon, Waşington, 4-nji awgust, 2016.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ç) we goranmak sekretary Aş Karter (s), Pentagon, Waşington, 4-nji awgust, 2016.

Pentagon harby kömek üçin niýetlenen 300 million dollary saklandygyny, sebäbi Pakistanyň “Hakkani” toparyna garşy “netijeli çäre” görmändigini aýtdy.

Bu kömek puly Pakistanyň harbylarynyň 2014-nji ýyldan bäri terrorizme garşy göreşde çeken ýitgisine garamazdan saklandy, diýip 4-nji awgustda Pentagonyň metbugat-wekili Adam Stump aýtdy.

ABŞ “Hakkani” toparyny Owganystanda we Pakistanda hereket edýän terrorçy gurama diýip atlandyrýar.

Kongress 2016-njy ýylda harby kömek üçin niýetlenýän bir milliard dollar möçberdäki puldan 300 million dollaryň Pakistana berilmegi üçin goranmak sekretary Aş Karteriň Pakistanyň agzalan topara garşy göreşindäki üstünligi öňlamagynyň zerurdygyny aýdýar.

Töleg üçin kesgitlenen wagt möhleti 30-njy iýunda doldy, Karter pul kömegini saklamak kararyny ilkinji gezek 3-nji awgustda mälim etdi.

XS
SM
MD
LG