Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sport sudy rus atletleriniň Rio ýoluny açdy


Orsýetiň Olimpia komitetiniň başlygy A. Žukow (Ç) Ýelena Isinbaýewa ýaly sport ýyldyzlarynyň gadaganlygynyň adalatsyz boljakdygyny aýtdy.
Orsýetiň Olimpia komitetiniň başlygy A. Žukow (Ç) Ýelena Isinbaýewa ýaly sport ýyldyzlarynyň gadaganlygynyň adalatsyz boljakdygyny aýtdy.

Halkara sport sudy, Halkara Olimpia komitetiniň atletlere geçmişde doping ulanandygy üçin girizen gadaganlygynyň kanuny güýjüniň ýokdugyny aýdyp, gadaganlykdan çykmaga çalyşýan rus atletleriniň Rio oýunlaryna gatnaşmagyna ýol açdy.

Bu karar 5-nji awgustda başlanýan oýunlaryň öňüsyrasynda, Olimpia komitetiniň Orsýetiň 389 olimpia atletiniň 271-siniň, şol sanda 20 sany rus gimnastikaçysynyň oýunlara gatnaşmagyna rugsat berilmegini yglan etmegi bilen belli boldy.

Suduň karary esasynda, oýunlara gatnaşmagy resmi taýdan gadagan edilen rus atletleriniň 118 töwereginiň gatnaşyk hukugy gaýtadan dikeldilip bilner.

Sport boýunça arbitraž sudy iki sany rus kürekçisiniň we ýüzüjisiniň oýunlara gatnaşyk hukugyny dikeltdi, olar geçen hepde öz sport federasiýalary tarapyndan, geçmişde doping ulanandyklary üçin, gadaganlyga salnypdy.

Sport federasiýalary olary Olimpia komitetiniň 24-nji iýuldaky görkezmesi esasynda gadagan edipdi.

Sud bu gadaganlyklaryň kanuny güýjüniň ýokdugyny, sebäbi atletiň şol bir doping bidüzgünçiligi üçin iki gezek gadaganlyga salnyp bilinmejekdigini aýtdy.

Şeýle-de sud, komitetiň olary gadagan etmek baradaky buýrugynyň «atletleriň adalatlylyga bolan tebigy hukugyny hormatlamaýandygyny» aýtdy.

Sud özüniň 4-nji awgustdaky kararynyň Orsýetiň doping sebäpli gadaganlyga salnan beýleki bir topar atletiniň hem şikaýat etmegine getirip biljegini boýun aldy.

"Bu ilkinji ädim" diýip, suduň baş sekretaryMatthiýeu Reýeb “Roýters» habar gullugyna aýtdy. "Bu ýerde geçere ugur-ýol mümkinçiligi ýok, biz 24 sagat içinde bir şikaýat edip bilýäris, şeýlelikde ähli zat mümkin" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetde döwletiň howandarlygyndaky doping subutnamasyna jogap edip, Olimpia komiteti sport federasiýalaryna rus atletlerine diňe bir ýagdaýda, olar talaby ödän halatynda, şol sanda geçmişde doping ulanmadyk bolsa, ýaryşa gatnaşmak rugsadyny bermelidigini aýtdy. Hut şu ýagdaý hem onlarça rus atletiniň gadaganlyga salynmagyna getirdi.

Sözçi Mark Adams “The Associated Press» habar gullugyna Olimpia komitetiniň suduň kararyna kabul edýändigini aýtdy: "Biz, elbetde, Halkara sport suduny sylaýarys we olaryň kararlaryna eýereris."

Komitetiň prezidenti Thomas Bach biraz öň «Käte biz kararlary halaýarys, käte bolsa halamaýarys, emma olary hemişe hormatlaýarys, Halkara sport sudy sportda iň ýokary sud» diýdi.

Orsýetiň Olimpia komitetiniň başlygy Aleksandr Žukow Olimpianyň iki gezek çempiony bolan Ýelena Isinbaýewa ýaly rus sport ýyldyzlarynyň, şol sanda amerikan ýüwrügi Jastin Gatliniň geçmişde başga ýurtlarda doping bidüzgünçiligi bolandygy üçin, ýaryşa gatnaşdyrylman, sport ýaryşlaryna öýden tomaşa etmäge mejbur edilmeginiň adalatsyz boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG