Sepleriň elýeterliligi

Hytaý terrora garşy regional bileleşik döretdi


Hytaý terrora garşy regional bileleşik döretdi

Hytaý terrora garşy regional bileleşik döretdi

Pakistan, Owganystan, Täjigistan Hytaý bilen bilelikde yslamçy gozgalaňçylara garşy göreşmek maksadyny öz öňünde goýýan harby alýansa goşulýarlar, diýip resmiler aýtdylar.

Dört ýurduň harby liderleri 4-nji awgustda Hytaýyň Ksinjiang regionynda duşuşyp, bileleşik barada yglan etdiler, diýip Pakistanyň goşuny mälim etdi.

Dört taraplaýyn hyzmatdaşlyk we sazlaşyk mehanizmi diýlip atlandyrylýan bileleşik agza ýurtlarynyň terrorizme garşy durmak we aňtaw ugurlarynda bile işleşmegini üpjün etmegi maksat edinýär, diýip pakistan resmileri aýtdylar.

Terrora garşy göreşde ABŞ-nyň ýaranlary bolan Pakistan we Owganystan eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri yslamçy terrorist toparlarynyň, şol sanda “Al-Kaýdanyň” we “Talybanyň” zorluklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Täjigistan öz yslamçy söweşijilerinden ejir çekýär.

Hytaý Pakistan bilen serhedindäki esasan musulman ilatly Ksinjiang welaýatynda etnik azlyklarynyň yslamçy toparlaryna garşy söweşýär.

Şeýle-de Hytaý Owganystanda “Talybana” garşy göreşde Pakistan we ABŞ bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär.

XS
SM
MD
LG