Sepleriň elýeterliligi

Rio: 31-nji tomusky Olimpia oýunlary başlanýar


Olimpia oýunlarynyň belgisi, Rio de Janeiro, Braziliýa, 4-nji awgust, 2016.

Olimpia oýunlarynyň belgisi, Rio de Janeiro, Braziliýa, 4-nji awgust, 2016.

5-nji awgustda Rio de Janeiro şäherinde 31-nji tomusky Olimpia oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçýär.

Günorta Amerikada ilkinji gezek geçirilýän Olimpiada 21-nji awgusta çenli dowam eder.

206 ýurtdan baran 10500 sportçy ýaryşlara gatnaşmak üçin hasaba alnypdyr, şeýle-de 28 sany sport görnüşindäki bäsdeşliklere bosgunlar toparlary hem gatnaşarlar.

Olimpia oýunlaryna ilkinji gezek Kosowo we Günorta Sudan hem gatnaşar.

Halkara sport çäresine taýýarlyklara Orsýetiň sportsmenleri bilen bagly doping dawasy, Zika wirusynyň ýaýbaňlanmagy, şäheriň howpsuzlygy we infrastrukturasy bilen bagly meseleler kölege saldy.

Ykdysady çökgünliligi we syýasy krizisi başdan geçirýän Braziliýa Olimpia oýunlarynyň howpsuzlygy üpjün etmek işine onlarça ýurduň 85 müň howpsuzlyk wekilini çekdi.

Guramaçylar oýunlara bir milliondan gowrak biletiň satylman galandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG