Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG YD toparynyň 3 müň adamy zamun alandygyny aýdýar


Yragyň içinde ýaşaýan ýerlerinden göçürilen bosgunlar, Irbil şäheri
Yragyň içinde ýaşaýan ýerlerinden göçürilen bosgunlar, Irbil şäheri

BMG-niň bosgunlar agentligi (UNHCR) “Yslam döwleti” toparynyň (YD) Yragyň demirgazygynda zorlukdan gaçyp çykan üç müň çemesi oba ýaşaýjysyny zamun alan bolmagy barada maglumatyň gowuşandygyny habar berdi.

BMG-niň bosgunlar agentligi ýurduň içinde ýaşaýan ýerlerinden göçürilen Hawiga etrabynyň ýaşaýjylarynyň özlerine başpena gözläp baran Kirkuk şäheriniň golaýynda 4-nji awgustda ele salnandygyny aýdýar.

12 bosgunyň zamunlykda öldürilendigi aýdylýar.

Yrakda adam hukuklaryna gözegçilik edýän hökümete degişli bolmadyk gurama zamun alnan adamlaryň sanyny 1900 adam diýip habar berdi. Gurama YD toparynyň 120 sany söweşijisiniň bosgunlary zamun alyp, olary yrak harbylarynyň hüjümlerine garşy galkan edip ulanandygyny habar berdi.

YD toparynyň söweşijileri 2014-nji ýylda amala aşyran uly göwrümli hüjümleriniň netijesinde Yragyň we Siriýanyň uly böleklerini basyp alypdy. 2016-njy ýylyň iýul aýynda berlen sanlara görä, Yrakda söweşler zerarly 3.4 million adam öz öýlerini terk edipdir.

XS
SM
MD
LG