Sepleriň elýeterliligi

Güýjüň hem ýeňşiň baýramy


Rio-de-Žaneýroda orsýetli türgen artistik gimnastika boýunça tälim görýän sportsmene syn edýär. 4-nji awgust, 2016 ý.

Rio-de-Žaneýroda orsýetli türgen artistik gimnastika boýunça tälim görýän sportsmene syn edýär. 4-nji awgust, 2016 ý.

Brazil topragynda yzly-yzyna iki gezek dünýä ýaryşy geçýär. Mundan iki ýyl ozal ol ýerde futbol boýunça dünýä ýaryşy bolupdy. Indi Rio-de-Žaneýroda XXXI Tomusky Olimpia oýunlary başlanýar.

Az-kem taryh

Bu oýunlaryň uzak taryhy bar. “Gadymy Gresiýada iň gadymy we meşhur umumy-grek baýramçylygy, ýaryşlary. Olimpia oýunlary Zews hudaýynyň hatyrasyna biziň eramyzdan öň 776 ýyldan dört ýyldan bir gezek Olimpiadada geçirilýär” diýip, Türkmen ensiklopediýasynda (6 t, 306-sah) ýazylýar.

Olimpia oýularynyň hormaty şeýle uly bolup, ir zamanda bäş gün dowam edipdir. Onuň 1-nji hem 5-nji günleri mal soýlup baýramçylyk edilipdir. Aralykdaky günlerde erkekleriň hem oglan-ýetginjekleriň arasynda sport bäsleşigi bolupdyr. Onuň hormatyna şol günlerde uruşlar ýatyrylypdyr.

Olar “sagdyn bedende, sagdyn ruh ýaşaýar” diýip düşünipdirler. Sport bilen meşgullanmak ýa-da bizde aýdylyşy ýaly beden terbiýesi şeýle ir zamandan ýola goýlup, oňa aýratyn ähmiýet berlipdir.

Oýunlar hristian dininiň ornaşmagy hem güýçlenmegi bilen, Mesihiň dogumynyň 394-nji ýylynda ýatyrylýar. Sebäbi ol köp hudaýa ynanýanlaryň baýramy hasap edilipdir.

Janlanyş

Aslynda dürli bäsleşikleri geçirmek ähli döwürlerde bolupdyr. Ýöne ol ýaryşlar bir sebitiň çäginde geçipdir. Soňlugy bilen sagdyn ýaşlary ýetişdirmek üçin sportuň – beden terbiýesiniň ähmiýetine aýratyn üns berlipdir.

Progressiw pikirli adamlar bolsa “ýaşlar söweş meýdanlarynda biri-birine garşy durman, eýsem göreşde biri-birinden üstün çyksynlar” diýen ideýany öňe sürüpdirler.

Bu oýunlary halkara derejesinde ýaňadan ýola goýmak pikirleri güýçlenip başlaýar. 1896-njy ýylda, Oýunlaryň dörän ýurdunyň paýtagty Afinyda ilkinji Olimpia oýunlary geçirilýär hem Halkara Olimpiada Komiteti döredilýär. Ol ýaryşa 14 döwletden 241 sportsmen gatnaşsa-da, örän şowhunly geçýär. Bu Oýny guraýjylaryň göwnüne ýarap, ony her dört ýyldan üznüksiz ýagdaýda Gresiýada geçirmegi teklip edýärler. Ýöne ol Halkara Olimpiada Komiteti tarapyndan goldanmandyr.

Häzir Olimpia oýunlary 31-nji gezek geçirilýär. Günorta Amerikada bolsa ilkinji gezek bolýar.

Biziňkiler

Oýunlaryň haýsy ýurtda geçmegi barada dünýä derejesinde dawalar hem çekişmeler barýan mahalynda, türkmenler muňa gatnaşmakdan-da mahrumdylar.

Ensiklopediýalarda berilýän maglumatlara görä, SSSR-de diňe 1951-nji ýylda Olimpiýa komiteti döredilip, 1952-nji ýylda Helsinkide geçen XV Tomusky Oýunlara gatnaşyp bilipdirler. Olaryň arasynda türkmenleriň bolup-bolmandygy hakdaky maglumat belli däl.

Geçen 30 Olimpiadada türkmenlerden diňe bir adam – Marat Nyýazow tüpeňden ok atmak boýunça kümüş medala mynasyp boldy. Bu 1960-nji ýylda, Rimde geçirilen 17-nji Olimpia oýunlarynda başa bardy.

Soňky ýyllar içinde hiç bir Olimpiadada türkmenler medal alyp bilmedi. 1992-nji ýylyň Olimpiada oýunlarynda, ştanga göteriji Altymyrat Orazdurdyýewden tama uludy. Öz agramy boýunça, üç gezek dünýä çempiony bolupdy. Ýöne aýny pursatda ýaryşa goýberilmedi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň baş treneri öz pälwanlaryna ýan basyp, Altymyrady ýaryşa goýbermekden saklady. Soňky Olimpiada bolsa Altymyradyň saglygy hem ömri ýetmedi.

Bu gussaly taryh türkmenistanly ýaşlaryň alnyndan aýrylman gelýär. Ýogsa örän geýnüwli hem syratly ýaşlar Türkmenistanyň baýdagyny göterip, baýramçylyk dabarasynda tomaşaçylaryň öňünden geçýärler. Ýaryşda olara-da gezek ýetýär. Ýöne baýrakly ornuň golaýyna baryp bilýäni ýok.

Umytlar hem säwlikler

Türkmenistanda sporta az üns berilýändigini 80-nji ýyllardan aýdyp başladylar. Ýöne ol adamlary “watan dönügi” hökmünde masgara etdiler. Şeýle-de bolsa, ahyr-soňy bu ugra üns berlip, 1981-nji okuw ýylynda, Aşgabatda Bedenterbiýe instituty açyldy. Ýöne ol institutyň ýörite okuw jaýlary hem sport desgalary köp ýyllap bolmady.

Türkmenistan Garaşsyzlyk alandan soňra sporta bolan üns düýpli unudyldy. Orta mekdeplerde ýaşlara bu ugurdan tälim berilmedi.

Türkmenlerde pälwan çykaýar diýlen çaga aýratyn sarpa bilen seredipdirler. Onuň göwnüni döwmezlige, höwesini syndyrmazlyga ähmiýet beripdirler. Megerem, pälwany, göreşijini ýetişdirmek şeýle agyr hem jogapkärli bolsa gerek.

Olimpia oýunlary

Şeýle uly ýaryşlar barada gürrüň gidende, bizde bir söz aýdylýar. “Esasy zat şol ýaryşa gatnaşmak”. Türkmenistanly ýaşlarda şeýle hukuk bar.

Olimpia oýunlary ägirt uly halkara sport ýaryşydyr. Esasy ýaryşlar 15 gün dowam edip, howa şertlerine görä 16-18 güne-de çekip bilýär.

Geljek 15 günüň dowamynda Braziliýada BMG-da ykrar edilen dünýäniň 207 döwletinden gelen sportsmenler güýç synanyşar. Olar 306 medal ugrunda ýaryşarlar. Bu ýaryş dünýäde kimiň ýyndamdygyny, kimiň güýçlüdigini, kimiň mergendigini subut eder.

Ol diňe sport bäsleşikleri däl, eýsem umumy ynsanyýetiň ruhy baýramçylygy bolar. Güýjüň, beden sagatlygynyň dabarasyna öwrüler.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG