Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rio Oýunlary Eýranyň ilkinji baýdak göterijisiniň gatnaşmagynda açyldy


Peýkamçy Zahra Nemati Eýrandan bu oýunlaryň açylyş dabaralarynda baýdak göteriji bolan ilkinji zenandyr.
Peýkamçy Zahra Nemati Eýrandan bu oýunlaryň açylyş dabaralarynda baýdak göteriji bolan ilkinji zenandyr.

2016-njy ýylyň Tomusky Olimpia oýunlary, Orsýetiň kiçeldilen toparynyň, Eýranyň ilkinji baýdak göteriji zenanynyň we Kosowanyň toparynyň ilkinji gezek goşulýan oýunlaryna gatnaşmagy bilen, Rio de Žaneýro şäherinde uly dabara-şowhun bilen açyldy.

Rus topary elçarpyşmalar bilen, şol sanda esasan brazil tomaşaçylarynyň az sanly gutlag sözleri bilen garşy alyndy.

Orsýetiň 160 atletden we resmiden ybarat toparynyň Rionyň Marakano stadionyndaky açylyş ýörişiniň öňüni woleýbol çempiony Sergeý Tutýuhin çekdi.

'Bularyň barysy syýasat': Ruslar doping galmagalyna reaksiýa bildirýär.
'Bularyň barysy syýasat': Ruslar doping galmagalyna reaksiýa bildirýär.

Halkara Olimpia komiteti bir gün ozal, döwlet howandarlygyndaky doping bidüzgünçiligi barada giň ýaýran subutnamalara garamazdan, 271 orsýetliniň ýaraşa gatnaşmak gadaganlygyny ýatyrdy.

Ýene bir sekiz orsýetli bolsa, Sport boýunça arbitraž suduna şikaýat edip, ýaryşa goşulmak hukugyny dikeltdi.

Eýran, zenan peýkamçy Zahra Nematiniň bu oýunlaryň açylyş dabaralarynda ilkinji baýdak göterijisi edilip bellenmegi bilen, üns merkezine geldi.

Stadiona maýyp arabajygynda, başy ýaşyl örtüli gelen Nemati - ýetginjek ýyllarynda ýol hadysasynda ysmaz bolan, Olimpia oýunlarynda hem, geljek aýdaky Paralimpia oýunlarynda hem Eýranyň adyndan çykyş eder.

Kosowa we Günorta Sudan Olimpia oýunlarynyň açylyş dabarasyna ilkinji gezek gatnaşýar.

Kosowanyň baýdagyny 2013-nji ýylda dünýä derejesini gazanan dzýudoçy atlet Majlinda Kelmendi göterip geçdi.

TDH-nyň berýän maglumatyna görä, Riodaky Olimpia oiýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň atletler toparynyň baýdak göterijisi ýüzüji Merdan Ataýew boldy.

XS
SM
MD
LG