Sepleriň elýeterliligi

180 müň orsýetli Medwedewe çekil diýýär


 Dmitriý Medwedew klasda otyr

Dmitriý Medwedew klasda otyr

Şu hepdäniň başynda mugallymyň aýlyk haky baradaky sözleri gahar-gazap döredeninden soň, premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň işden çekilmegine çagyrýan petisiýa gol çeken orsýetlileriň sany 180 müňden geçdi.

Change.org websaýtynda çap edilen petisiýa gol çekýänleriň sany birden köpelip, 5-nji awgust gününiň günortanyna çenli 180 müň boldy.

Bu petisiýa Medwedew 2-nji awgustda Dagystan sebitiniňaz aýlykly bir mugallymyna, eger köp pul gazanasy gelse, biznese gitmegi maslahat bereninden soň peýda boldy.

Premýer-ministriň bu sözleri, il-günüň ýagdaýyndan bihabarlygy we parhsyzlygy ilatda gahar-gazar döretdi. "Hökümete iş bilýän, bilim berlen, öz ýurdunyň aladasyny edýän adam tarapyndan ýolbaşçylyk edilmeli» diýip, petisiýanyň awtoryAleksandr Li ýazdy. "Emma biz indi munuň tersinedigini görýäris" diýip, ol aýdýar.

Petisiýa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ýüzlenilip ýazylan. Emma Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow muňa hiç bir düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG