Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaeýew gazak mekdeplerinde 'terrora' ýol bermez


"Eger olaryň arasynda haýsam bolsa biri terrorçylyk bilen iltewli bolsa, biz Türkiýäniň talaplaryna jogap bereris” diýip, Nazarbaýew Ankarada aýtdy.

"Eger olaryň arasynda haýsam bolsa biri terrorçylyk bilen iltewli bolsa, biz Türkiýäniň talaplaryna jogap bereris” diýip, Nazarbaýew Ankarada aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Türkiýäniň başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygynda aýyplaýan bosgun ruhanysy tarapyndan maliýeleşdirilýän gazak mekdeplerinde «terror ilteşigi» bolan islendik adamy yzyna, Türkiýä ibermegi wada berdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Birleşen Ştatlaryň Pensilwaniýa ştatynda ýaşaýan ruhany Fethulla Güleni 15-nji iýulda özüne garşy guralan gozgalaňyň arkasynda bolmakda günäläp, Astanany bu ýurtdaky 33 mekdebiGüleniň eýerijilerinden saplamagaçagyrdy.

"Eger olaryň arasynda haýsam bolsa biri terrorçylyk bilen iltewli bolsa, biz Türkiýäniň talaplaryna jogap bereris” diýip, Nazarbaýew 5-nji awgustda, döwlet saparynyň soňunda Ankarada Erdogan bilen bile gatnaşan metbugat ýygnagynda aýtdy.

Emma Nazarbaýew, Erdoganyň isleýşi ýaly, ol diýilýän mekdepleri ýapjakdygyny aýtmakdan saklandy. Ol Gazagystandaky mekdepleriň bireýýämden döwlet gözegçiligi astyndadygyny, şeýle-de olaryň mugallymlarynyň 90 prosentiniň türk däl-de, gazaklardygyny aýtdy.

"Biz Türkiýäniň garşysyna işleýänleri goldamaýarys. Bu biziň bähbidimize däl» diýip, ol aýtdy we terror bilen iltewli mugallymlar bolsa, olaryň Türkiýä yzyna iberiljedigini nygtady.

Gülen we onuň eýerijileri agdarylyşyk synanyşygyna dahyllydyklaryny ret edýärler.

XS
SM
MD
LG