Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow "Awazada" täze kottežler toplumyny açdy


Awaza
Awaza

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berlen «Ak ýelken» kottežler toplumynyň, «Tolkun» ýaht-klubynyň hem-de kottežler toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy diýip, türkmen telewideniýesi anna güni habar berdi.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, Hazaryň kenarynda täze 50 sany kottež gurlup, olaryň her biri 163,2 inedördül meýdanda ýerleşýär we dört maşgala niýetlenen. Şeýle-de, bu toplumyň çäginde 360 inedördül meýdany bolangoşa kottežleriň birnäçesi gurlup, ulanmaga berlipdir.

Türkmen telewideniýesi bu kottežlerde «aňrybaş şertleriň döredilmegi bilen bir hatarda, kesgitlenen bahalaryň arzandygy bellärliklidir" diýýär, emma anyk san getirmeýär.

Mundanam başga, bu ýerde köp çagaly maşgalalara niýetlenen iki gatly kottežleriň göz öňünde tutulandygy habar berilýär. «Kottežleriň bahalarynyň elýeterli bolmagy toplumyň esasy aýratynlygydyr» diýip, döwlet eýeçiligindäki media nygtaýar.

Bu kottežler, aýdylmagyna görä, dynç alýanlaryň 700 sanysynyň dynç almagy üçin niýetlenipdir.

XS
SM
MD
LG