Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz barynda 13 adam öldi


 Bernard Cazeneuve
Bernard Cazeneuve

Fransuz resmileri Normandiýanyň Rouen şäherindäki barda bolan ýangynyň azyndan 13 adamy öldürip, altysyny ýaralandygyny aýdýarlar.

"Kuba Libre" barynyň ýerzemin otagynda, şäheriň merkezinde dörän ýangyn gijeýarym töwereginde, doglan gün dabarasy mahalynda başlanypdyr. Içeri işler ministri Bernard Cazeneuve 6-njy awgustda ýangynyň sebäplerini anyklamak üçin derňew geçirilýändigini aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, doglan gün tortundaky şemler ýangyna sebäp bolupdyr.

Pidalaryň 18-25 ýaş aralygyndaky ýaşlardygy, olaryň jaýyň ýokarsyndaky materiala ot düşende dörän zäherli gazdan ölendigi aýdylýar.

Ýaralylaryň biriniň ýagdaýy has agyr.

XS
SM
MD
LG